2025-nji ýylyň iýuly Aşgabatda gözegçilik taryhynyň dowamynda iň yssy aýlarynyň dördünjisi boldy
02.08.2025 | 10:40 |Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologiýa gözegçilginiň taryhynda iň maýyl aýlarynyň biri boldy. Howa hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, ortaça aý temperaturasy +33,5° boldy. Bu bolsa howa kadasyndan 1,9° ýokarydyr (+31,6°).
Bu görkeziji 2025-nji ýylyň iýulyna iň yssy iýul aýlarynyň sanawynda dördünji ýere geçmäge sebäp boldy. Mundan ýokary howa derejesi 2018-nji ýylda (+35,2°), şeýle hem 2019-njy we 2021-nji ýyllarda (+33,7° hersinde) hasaba alyndy.
Tutuş aýyň dowamynda temperatura howa kadasyndan pese düşmedi: ýedi günläp ol köpýyllyk ortaça derejesine laýykdy, galan 24 günläp bolsa ondan ýokarydy. Munuň bilen birlikde iň ýokary dereje +43,2° barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylkylar bilen deňdir. Deňeşdirme üçin: paýtagtymyzda iýul aýynyň rekord temperaturasy +46,8° derejesinde, ýylyň iň ýokary görkezijisi bolsa +47,2° derejesinde hasaba alyndy.
Umumylykda, iýul aýynda 12 günläp +40° we ondan ýokary derejede temperatura hasaba alyndy, olaryň sekiz güni +40-dan +41,9° çenli, dört güni bolsa +42-den +43,2° çenli boldy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, soňky ýyllarda Aşgabatda we tutuş ýurdumyz boýunça has yssy tomsa bolan tendensiýa saklanylýar. 2013-nji ýyldan bäri iýulda temperatura her ýyl orta howa kadasyndan ýokarlanýar. Onýyllygyň dowamynda iň “salkyn” görkezijisi +32,1°, 2016-njy ýylda hem ol kadadan ýokarydy diýip, Meteožurnal belleýär.