Euronews Türkmenistanda küşt sportynyň ösüşini belledi
02.08.2025 | 14:05 |Halkara Euronews täzelikler saýty Türkmenistanyň küşt sportynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan habary neşir edip, ýurdumyzyň bu sport babatda halkara giňişliginde orunlaryny berkitmek ugrundaky möhüm tagallalaryny belläp geçdi.
Makalada Türkmenistanyň sebitleýin ýaryşlary geçirmekden halkara ykrar edilmeginiň ýoluny ynamly geçip, küşt sportynyň düzgünleşdirilen ulgamyny emele getirýändigi bellenildi. 2024-nji ýylyň özünde ýurdumyzda FIDE reýtingli ýaryşlaryň 130 geçirildi, 2025-nji ýylda bolsa ähli welaýatlary öz içine alýan milli ýaryşlaryň tapgyrynyň geçirilmegi dowam edýär.
Euronews ýurdumyzyň ýaş küştçilerini goldamak babatdaky tagallalaryna aýratyn üns berýär. Olaryň arasynda alty ýaşdan başlap, çagalaryň dowamly küşt sapaklaryna we ýaryşlaryna, şeýle hem halkara ýaryşlara gatnaşmaklary barada bellenilýär. Ýaş türkmen küştçileri öz reýtinglerini işjeň ösdürýär, ýurdumyzda bolsa halkara ussatlaryň gatnaşmagynda türgenleşik çäreleri we onlaýn-seminarlary geçirilýär.
Makalada Türkmenistanyň tanymal küştçileri grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýewiň, Mesgen Amanowyň, Ýusup Atabaýewiň, şeýle hem 2025-nji ýylda aýallaryň arasynda Dünýä kubogyna gatnaşan ilkinji türkmen gatnaşyjysy FIDE ussady Lala Şöhradowanyň atlary agzalyp geçilýär.
Euronews neşiriniň pikirine görä, şeýle üstünlikler Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylýan maksadalaýyk we hemmetaraplaýyn çemeleşmä şaýatlyk edýär. Türkmenistan ýurdumyzyň adyndan halkara arenada mynasyp çykyş edip biljek täze küştçiler nesliniň kemala gelmeginde ynamly gadamlary ätýär.