Iň täze habarlar

Awaza BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň daşary ýurtly myhmanlaryny garşylaýar

02.08.2025 | 12:10 |
 Awaza BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň daşary ýurtly myhmanlaryny garşylaýar

Hazar deňziniň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gelen myhmanlar we gatnaşyjylar deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde türkmen halkynyň meşhur myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanýar. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde, şeýle hem, deňiz kenar şäherinde we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda aýratyn dabaraly baýramçylyk ýagdaýy döredilýär.

Bu bolsa türkmen topragynda mähirli kabul edişlikde, şadyýanly gülkilerde, bannerlerde hem-de köçelerdäki we meýdançalardaky gutlag ýazgylarynda duýulýar. Hatda bu ähmiýetli waka mynasybetli ýörite bezelen awtobuslar hem forumyň ruhuny we bu taryhy wakanyň iň ýokary derejesini açyp görkezýär.

Maslahatyň çäklerinde myhmanlara we gatnaşyjylara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý baýramçylyk maksatnamasy garaşýar. Işewürlik we medeni duşuşyklar, tematiki sergiler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri geçiriler.

Maslahatyň 2025-nji ýylyň "Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly" diýip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu forumyň wajyplygyny artdyryp, ýurdumyzyň parahatçylykly ýaşaýşa we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän bu duşuşyk netijeli kararlary almak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança bolmaga gönükdirilendir. Onuň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçmäge, bar bolan mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga ýardam edip, olaryň adalatly we bagtyýar geljegini üpjün etmekden ybaratdyr.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahaty "Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynyň" iň möhüm wakalarynyň birine öwrüler. Foruma gatnaşyjylarynyň öňünde gatnaşyjy-ýurtlaryň, halkara guramalaryň we türkmen tarapynyň gatnaşmagynda guralan köp sanly çäreler bar. Olaryň arasynda ýerüsti ulag serişdeleri we aragatnaşyk, Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, aýlawly ykdysadyýet we beýleki möhüm ugurlar boýunça maslahatlar bar. Özboluşly medeni-ynsanperwer çärelere, dostlukly konsertlerine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerine aýratyn ýer berler.

Şu wagt, Türkmenistanda ilkinji duşuşyklar, mylaýym gün șöhleleri, kalplaryň ýylylygy, Hazaryň kenary we onuň tebigy gymmatlygy bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşlyk ýakymly pursatlary döredýär.

ORIENT

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: