Iň täze habarlar

Ýaponiýanyň Lib Work kompaniýasy, ýerden berk we ekologiýa taýdan arassa 3D jaýlary çap etmek tehnologiýasyny hödürledi

30.07.2025 | 13:25 |
 Ýaponiýanyň Lib Work kompaniýasy, ýerden berk we ekologiýa taýdan arassa 3D jaýlary çap etmek tehnologiýasyny hödürledi

Ýaponiýanyň Lib Work kompaniýasy Lib Earth House Construction atly innowasion tehnologiýasyny işläp düzdi. Ol binalary adaty ýerden çap etmek mümkinçiligini döretdi. Bu işläp taýýarlama, ýaşaýyş jaýlary, kafe we hatda awtobus duralgalary ýaly binalaryň gurluşygynda täze mümkinçilikleri açýar.

Adaty ulanylýan betona derek, Lib Work-yň hünärmenleri ýeri, suw guýlan heki we tebigy süýümleri öz içine alýan patent garyndysyny ulanýarlar. Bu garyndy, gadymy palçykdan salnan jaýlaryň materiallaryna meňzäp, binalara 700 ýyla çenli çydamlylygy we güýçli seýsmiki durnuklylygy (üçünji dereje) üpjün edýär, bu bolsa Ýaponiýa üçin aýratyn möhüm bolup durýar. Sementi ulanmakdan ýüz öwürmek, CO2 zyňyndylaryny iki esse azaldyp, bu tehnologiýany agaç gurluşygyndan hem has ekologiýa taýdan arassa edýär.

1

3D çap etmek tehnologiýasy, islendik görnüşde gurluşyk döretmekde erkinlik berýär. Geçen ýyl, Lib Work diňe bir ýönekeý jaý çap edip bilen bolsa, emma indi olaryň täze «B modeli» doly ýaşaýyş jaýyna meňzeýär. Kompaniýanyň indiki wezipesi — çap edilen binalaryň daşky görnüşini gowulandyrmak.

3D çap etmäge bolan gyzyklanma diňe Ýaponiýada däl, eýsem dünýäniň beýleki ýerlerinde hem peýda bolýar. Ýakynda Şweýsariýada 30 metr uzynlygyndaky Tor Alva atly çap edilen bina guruldy, 2025-nji ýylyň başynda bolsa, ştutgartly we fraýburgly alymlar Solar Gate binasynyň öň tarapyny çap etdiler. Ol hem howa şertlerine uýgunlaşmaga we binanyň içki ýylylygyny sazlap bilmäge ukyplydyr. Bu dünýä mysallary, gurluşyk senagatynda 3D çap etmegiň mümkunçiliklerini tassyklaýar.

ORIENT

Foto: Lib Work

Şeýle hem okaň: