Iň täze habarlar

Türkmen türgeni taekwondo boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medaly gazandy

31.07.2025 | 22:00 |
 Türkmen türgeni taekwondo boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medaly gazandy

23-29-njy iýul aralygynda Kuçing şäherinde ýaşlar we ýetginjekleriň arasynda taekwondo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi, onda 44 ýurduň türgenleri gatnaşdylar.

Bu ýaryşda türkmen türgeni Alyhan Maksadow 33 kg çenli agram derejesinde çykyş edip kümüş medala mynasyp boldy.

1

Bäsleşigiň dowamynda Maksadow Alyhan Şri-Lankanyň, Saud Arabystanynyň we Yragyň wekillerine garşy (ýarym finalda) ýeňiş gazandy. Jemleýji söweşde Taýpeýden gelen garşydaşyna ýeňilip, çempionatda ikinji orny eýeledi.

Bu ýeňiş türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň ýokary taýýarlyk derejesini aýdyň görkezýär.

2

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: