Iň täze habarlar

Pellehana iki gün galanda: “Ýüpek ýoly” rallida “türkmen” T2 görüşinde öňdebaryjynyň çalyşmagy

20.07.2025 | 19:13 |
 Pellehana iki gün galanda: “Ýüpek ýoly” rallida “türkmen” T2 görüşinde öňdebaryjynyň çalyşmagy

Aşgabat, 20-nji iýul | ORIENT. Häzirki wagtda Mongoliýanyň täsin hem-de örän kyn ýol şertlerinde dowam edýän 2025-nji ýylyň “Ýüpek ýoly” halkara rallisi dramatik wakalary bilen dowam edýär. Ýaryşyň tamamlanmagyna iki gün galanda, ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň T2 ýaryşynda öňdebaryjy üýtgedi – bu kategoriýada türkmen ekipajlary çykyş edýär. Köp tapgyrlarda öňdeligi saklap gelen Maksatmyrat Daňatarowyň ornuna watandaşy Merdan Toýlyýew geçdi.

20072025-turkmenistan-gonshchiki-ralli-shelkovyy-put-t2.jpg

Göreşiň hronikasy: agalykdan başlap synaga çenli

18-nji iýulda ralli ýaryşyna gatnaşyjylar ýoluň bäşinji tapgyryny Baýanhongordan daglyk Altay sebitine çenli geçdiler. Bu ýörişiň “marafon tapgyry” diýlip atlandyrylýan aýratyn böleginiň ilkinji tapgyrydy — bu tapgyrda ekipažlara mehanikleriň kömeginden peýdalanmak gadagan edilýär. Türgenler umumy uzynlygy 458 kilometre deň bolan aralygy geçdiler. Şolaryň 300 kilometri aýratyn baha berilýän ýaryş bölegi bolup, esasanam ýokary tizlikli ýollardan ybaratdy we bu ýollar tehnikalar üçin uly synag boldy.

turkmenistan-gonshchiki-ralli-shelkovyy-put-t2 (5).jpg

Bu şertlerde Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat ekipaž ýaryşyň başyndan bäri eýeläp geläýn öňdeligini saklap, iň ýakyn yzyndaky orny eýeläp gelýän ekipaž — Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýewiň ekipažyndan tapawudyny ýene-de 11 minut 11 sekunt artdyrdy. Şol wagt öňdeligi eýeläp gelýäniň umumy klasifikasiýadaky artykmaçlygy y bir sagada diýen ýal ýetýärdi. Ilkinji üçlügi jemleýän Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewiň ekipažy bolsa, ýedi tapgyrdan soň ýaryşyň öňdebaryjysyndan bäş ýarym sagatdan gowrak wagt yza galdy.

Mongol-Els çägeleri we kesgitleýji dokuzynjy tapgyr

19-njy iýulda sürüjileriň öňünde sekizinji — Altaý şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn tapgyr garaşýardy.Uzynlygy 339,37 kilometr bolan bu ýörite ýol Mongol-Elsiň ägirt uly gum depeleri ýerleşýän 100 kilometrlik çägeli sebitini hem öz içine alýardy. Guramaçylar taslamanyň taryhyndaky has dürli görnüşli ugry taýýarlandyklaryna garamazdan, hut şu hileli çägelikler esasy synag boldy. T2 klassynda ekipažlary bu aýratyn kyn sebitden sowlup geçmek baradaky taktiki karara geldiler. Bu bolsa düzgüne görä 29 sagatlyk jerime wagty bilen jemlendi, emma tehnikany saklap galmaga mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý Maksatmyrat Daňatarowyň öňdäki ornuna täsir etmedi.

turkmenistan-gonshchiki-ralli-shelkovyy-put-t2 (4).jpg

Ýöne 20-nji iýul, ýekşenbe güni, Altaýdan Howd şäherine çenli dokuzynjy tapgyrda kesgitleýji üýtgeşiklik boldy. Tapgyryň umumy uzunlygy 500 km-den geçdi we ýörite bölek 280 km töweregi boldy. Ýollar aýlawly daşlyk ýollardan çägeli depelere çenli üýtgäp durdy. Hut şu kesgitleýji ýörite bölekde Maksatmyrat Daňatarow kyn aralygy ýeňip geçip bilmedi we 21 sagatlyk uly jerime aldy.

Täze öňdebaryjy we pellehana tarap dogry ýol

Bu wakanyň netijesinde Daňatarow öňdebaryjylygyny ýitirip, birinji orny Merdan Toýlyýewe berdi, ýagny ol, T2-de 2022-nji ýyldaky “Ýüpek ýoly” rallisiniň ýeňijisidir. Ikinji orna Meýliz Abdullaýew geçdi – täze öňdebaryjydan alty ýarym sagat yzda. Öňki agalygyna garamazdan, Maksatmyrat Daňatarowyň aratapawudy indi 14 sagada ýetdi.

turkmenistan-gonshchiki-ralli-shelkovyy-put-t2 (1).jpg

Öňde Daglyk-Altaý şäherinde tamamlanjak ýene iki tapgyr galýar. Türkmen sportçylarynyň “Ýüpek ýoly” rallisi ýaly abraýly halkara ýaryşlarynda gatnaşmagy, diňe olaryň ussatlyk we jydamlylygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtda awtosportyň ýaýramagyna we onuň halkara abraýyny berkitmäge-de ýardam edýär. Ýaryş dowam edýär we pellehana çenli täze çekeleşikli pursatlary wada berýär.

Снимок экрана (4238).jpg

ORIENT

Foto: silkwayrally.com

Şeýle hem okaň: