Türkmenistan bilen Täjigistan parlamentara hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşdy
21.08.2025 | 18:30 |Şu gün Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Majlisi namoýandagon Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşi barada maslahatlaşyp, onuň Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmonyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary netijesinde yzygiderli giňelýändigini nygtadylar.
Taraplar “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Halkara maslahatynyň ähmiýetini bellediler. Bu maslahat ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň tarapy, täjik parlamentarileriniň Parlament forumyna hem-de Maslahatyň işine işjeň we mazmunly gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu bolsa parlamentara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşmagyna möhüm goşant boldy.
Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tejribe alyşmaga, sebitleýin we halkara meseleleri boýunça ylalaşylan garaýyşlaryň işlenip düzülmegine, şeýle hem halkara derejesinde birek-biregiň konstruktiw başlangyçlaryny goldamaga mümkinçilik berýändigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar parlament gurallarynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işjeň tagallalary geljekde-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, şol sanda Parlamentara bileleşigiň we dostluk toparlarynyň işine gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini beýan etdiler.