«Türkmenpoçta» eltip bermek hyzmatyny täze derejä çykarýar
18.07.2025 | 15:00 |Türkmenistanyň milli poçta operatory bolan «Türkmenpoçta» eltip bermek hyzmatyny işjeň ösdürýär. Kompaniýa ýurduň raýatlaryna ýükleriň iberilmegini üpjün edýän ygtybarly hyzmaty hödürleýär we ugratmalaryň anyk salga eltilip, alyja gowuşmagyny kepillendirýär. Bu hyzmat harytlaryň, sowgatlaryň we möhüm resminamalaryň iberilmegine degişli.
Eltip bermegiň ygtybarlylygy we netijeliligi hünär taýdan taýýarlykly eltip berijileriň hem-de düýpli taýýarlanan logistiki ugurlaryň hasabyna üpjün edilýär. «Türkmenpoçta» hyzmatlaryny ýurduň ähli künjeklerinde ilata elýeterli etmek ugrunda tagalla edýär we kompaniýanyň ýakyn geljekde meýilleşdirýän işleri — eltip bermek hyzmatynyň görnüşleriniň we hyzmat edýän zolaklarynyň giňeldilmegidir.
Eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak üçin aşakdaky usullar hödürlenýär:
• Eltip berijini çagyrmak üçin telefon: (+993 12) 92 14 95.
• ÇaparPay mobil goşundysy arkaly onlaýn ýüz tutmak.
ÇaparPay mobil goşundysy Android we iOS ulgamlary üçin elýeterlidir.
ORIENT news