ABŞ-nyň Ilçihanasy kitap ýarmarkasyna, çeper okaýyşlara we "Spelling Bee" bäsleşigine çagyrýar
19.07.2025 | 12:05 |Paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna gyzykly medeni çäre garaşýar: geljek hepde penşenbe güni, 24-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy tarapyndan gurnalan türkmen-amerikan kitap ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre hakyky kitap we okamak baýramçylygyna öwrüler hem-de ähli isleg bildirýänler üçin açyk bolar.
Ýarmarka sagat 11:00-da öz işine başlar we myhmanlara baý maksatnamany hödürlär. Kitap sergilerinden başga-da, gatnaşyjylara interaktiw çäreler garaşýar – edebiýatyň dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga kömek etjek gyzykly çäreler guralar.
Çäräniň aýratyn bölegi bolsa meşhur halkara orfografiýa bäsleşigi – "Spelling Bee" bolar. Bu bäsleşik iňlis dilini bilmek derejesini we söz baýlygyny barlar. Dili kämilleşdirmek isleýänler üçin bu ýaryş öz başarnyklaryny bäsleşik görnüşinde görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okaýyşlar geçiriler – diplomatlar öz halaýan eserleri bilen paýlaşarlar. Bu bolsa tanyş eserlere täzeçe garamaga we olaryň edebi islegleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem döredijilik künjegi ylham almak we özüni beýan etmek isleýänler üçin giň mümkinçilik döreder.
Bu çäre ähli halk üçin elýeterli we mugt bolup, oňa okyjylar, talyplar, mugallymlar hem-de medeniýete we bilim ulgamyna gyzyklanma bildirýänleriň hemmesi gatnaşyp biler.
Bu çäre Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda netijeli medeni gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup hyzmat eder.
ORIENT