Iň täze habarlar

HHR-nyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy söz arkaly Hytaýa bolan garaýyş (28-nji bölüm)

27.06.2025 | 20:42 |
 HHR-nyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy söz arkaly Hytaýa bolan garaýyş (28-nji bölüm)

2025-nji ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin Gazagystana bardy we “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy. Döwlet Baştutanlary dostlukly ýagdaýda Sian sammitinden bäri Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ähli ugurlarda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler, geljekdäki ösüşiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we “Merkezi Aziýa — Hytaý ruhuny” öňe sürmek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler hem-de hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk we dostluga wepalydyklaryny, şeýle hem Hytaý we Merkezi Aziýa üçin bitewi ykbal bileleşigini ösdürmekde yzygiderli täze üstünlikleri gazanmak boýunça bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. HHR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde, sammitiň dowamynda gazanylan esasy netijeleri we möhüm ylalaşyklary türkmenistanly gadyrly dostlarym bilen paýlaşmak isleýärin.

Esasy söz 1: “Hytaý - Merkezi Aziýa ruhy”

Sammitiň tapawutly aýratynlygy Si Szinpin tarapyndan “Hytaý – Merkezi Aziýa ruhy» diýip yglan edilmegidir. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk öz köklerini mundan iki müň ýyldan gowrak ozalky döwürden dostlukly gatnaşyklardan gözbaş alyp gaýtýar, diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ösen raýdaşlyk we özara ynam bilen berkidilýär we täze döwürde özara peýdaly hyzmatdaşlyk arkaly netijeli ösdürilýär.

Köp ýyllyk tejribe alty ýurda birek-birege hormat goýmak, birek-birege ynam, özara peýdalylyk, özara kömek we ýokary hilli ösüş arkaly bilelikdäki döwrebaplaşdyrmagy höweslendirmek bilen häsiýetlendirilýän “Hytaý-Merkezi Aziýa ruhuny” ösdürmäge we kemala getirmäge mümkinçilik berdi.

Başlyk Si Szinpin “Hytaý – Merkezi Aziýa ruhy” baradaky esasy pikiri anyk kesgitledi: özara hormat we deňlik ýörelgelerini eýermek möhümdir; özara ynanyşmagy pugtalandyrmak we sazlaşykly hereket etmek möhümdir; özara peýdalyly we bilelikdäki ösüşiň ugruna eýermek möhümdir; özara ýardam ruhunda birek-birege goldaw bermek möhümdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary Hytaý bilen jebisligi we konseptual bitewiligi güýçlendirmek, bitewi ykbal bileleşigini gurmak maksadyny berkitmek, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin has işjeň orun tutmak we has amaly çäreleri geçirmek, şeýle hem, “Hytaý – Merkezi Aziýa” formatynyň yzygiderli ösmegine we täze ajaýyp üstünliklerine goldaw bermek barada biragyzdan ylalaşdylar.

Esasy söz 2: Ýokary hilli ösüş

Sammitiň iň täsirli temasy alty döwletiň Baştutanlarynyň 2025-2026-njy ýyllarda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlygynyň ýokary hilli ösüş ýyllary boljakdygyny yglan etmegi boldy. Taraplar has göze görnüp duran netijelere ýetmek we her ýurduň gülläp ösmegine itergi bermek üçin öz tagallalaryny bökdençsiz söwda, senagat we maýa goýumlary, ulag aragatnaşygy, ýaşyl ýerasty serişdeleri, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we raýatlaryň özara syýahaty ýaly ugurlara gönükdirer.

Alty döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “ Bir guşak, bir ýol” başlangajyny ýokary hilli durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyna gol çekildi. Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde sebitdäki ähli ýurtlar bilen bir wagtda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamasyna gol çekilmegi bu ilkinji ýagdaýdyr. Başlyk Si Szinpin “Hytaý – Merkezi Aziýa” formatynyň çäginde garyplyga garşy göreş merkezi, bilim alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkezi, çölleşmä garşy göreş merkezi şeýle hem söwda üçin amatly şertleri döretmek üçin meýdançany ýaly üç sany ýöriteleşdirilen hyzmatdaşlyk merkeziniň döredilendigini mälim etdi.

Şu ýylda halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we şahsy ösüşe ýardam bermek üçin Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna ähmiýetli taslamalary goldamak maksady bilen 1,5 milliard ýuan möçberinde yzyna gaýtarmasyz grant berer. Geljek iki ýylda Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýokary hünär taýýarlyk kurslaryna gatnaşmak üçin 3000 kwota berer.

Esasy söz 3: Hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk

Sammitiň iň ähmiýetli üstünligi, alty döwletiniň Baştutanlarynyň hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekmegi boldy. Bu alty ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ýene-de bir nobatdaky möhüm tapgyrdyr we şol bir wagtyň özünde häzirki günde gazanylan we geljekde mundan peýda alyp boljak hoşniýetli goňşuçylyk boýunça Hytaýyň diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligidir.

Şertnama gol çekilmegi Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy özara ynamyň täze derejä ýetendigini, strategiki hyzmatdaşlygyň öňe tarap möhüm ädim ädendigini we halklaryň ýakynlaşmagy täze itergi berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we durnukly ösmegi üçin berk binýady goýandygyny görkezdi. Sammitiň dowamynda Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary sebitleýin hyzmatdaşlygy, adamlaryň birek-birege gezelenç etmegi, bilim alyş-çalşygy, şeýle hem medeni we syýahatçylyk ýaly ugurlary boýunça birnäçe täze hyzmatdaşlygyň netijeleri gazandy. Başlyk Si Szinpiniň üç ýyl ozal öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky doganlaşan şäheriniň sany 100 jübütden geçdi.

Häzirki wagtda Hytaý kuwwatly döwletiň gurulmagyny we milli gakynyşyň beýik işlerinini hemmetaraplaýyn öňe sürýär. Halkara ýagdaýlaryň üýtgäp durmagyna garamazdan, Hytaý daşyndan açyklyk syýasatyna ygrarlydyr we şeýle bolmagynda-da galýar hem-de Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen ýokary hilli hyzmatdaşlygy bilelikde durmuşa geçirmäge, bilelikdäki ösüş üçin bähbitleriň birleşmegini çuňlaşdyrmaga taýýardyr. Hytaý ähli hyzmatdaşlary bilen “Hytaý – Merkezi Aziýa ruhuny” artdyrmak we bitewi ykbal bileleşigini döretmek maksadyna ýetmek üçin Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde has uly üstünlik gazanmak üçin işlemäge taýýardyr.

Sýan Naýçen, HHR-iň Türkmenistandaky ilçisi

Foto: akorda.kz

Şeýle hem okaň: