Türkmen agyr atletikaçylary Astanada geçirilýän Aziýa çempionatynda alty medal gazandylar
08.07.2025 | 13:42 |Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dowam edýär. Türkmen türgenleri bir kümüş we bäş bürünç, umumylykda 6 medal gazanyp, özleri barada äşgär etdiler.
71 kg çenli agram derejesinde Kakamyrat Amanmyradow tapawutlanyp bildi. Batly galdyrmak ugrunda ol 128 kg agramy galdyryp kiçi bürünç medalyny gazandy. Itip götermekde bolsa ol 160 kg göterip, ýene bir kiçi bürünç medala eýe boldy. Iki görnüşli sport ýaryşynda 288 kg netijesi bilen türkmen ştangaçysy uly kümüş medala mynasyp boldy.
Ogulşat Amanowa hem 53 kg çenli agram derejesinde üstünlikli çykyş etdi. Batly galdyrmakda ol 78 kg, itip götermekde bolsa – 96 kg götermegi başardy we netijede iki kiçi bürünç medalyny gazandy. Iki görnüşli sport ýaryşynda 174 kg netijesi bilen Amanowa milli ýygyndymyzyň toparyna ýene bir uly bürünç medalyny goşdy.
Çempionatyň ilkinji üç günüň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 1 kümüş we 5 bürünç medala mynasyp bolup, medal hasabynda altynjy ýeri eýeleýär.
ORIENT