Türkmen göreşiçisi Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy
06.07.2025 | 16:30 |16 ýaşly aşgabatly türgen Aslan Agadadaýew Wýetnamyň Wungtau şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medala eýe boldy.
Türkmen-türk mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy 110 kilogram agram derejesinde üçünji orny eýeledi. Çärýek finalda ýeňlişe sezewar bolanyndan soň, Aslan gyrgyzystanly türgen bilen bolan erjelli tutluşykda ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp boldy.
Bu baýrak Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin sport göreşi boýunça Aziýa çempionatynda gazanylan bäşinji medaly boldy.
Mundan ozal habar berşimiz ýaly, 23 ýaşa çenli türgenleriñ arasynda geçirilen Aziýa ýaşlar çempionatynda türkmen göreşçileri dört medal – üçüsi erkin göreşde, biri bolsa grek-rim göreşinde – gazandylar.
ORIENT