Iň täze habarlar

CNPC kompaniýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan edýär

04.06.2025 | 13:50 |
 CNPC kompaniýasynyñ Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan edýär

Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy «International Ltd.» 2026–2029-njy ýyllarda «Bagtyýarlyk» Şertnamalaýyn çägi boýunça guýulary burawlamak, düzetmek, guýulary abatlamak we synag etmek hyzmatlary boýunça superwaýzer hyzmatlary üçin № CIT-25071-SR belgili bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşige gatnaşmak isleýän islendik kompaniýa üçin aşakdakylary ýerine ýetirmek teklip edilýär:

1.Bäsleşigiñ belgisi we ady, kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy hem-de bank rekwizitleri görkezilen görnüşde gatnaşmak isleýändigi barada resmi arzany tabşyrmak.

2.Bäsleşik resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasaby almak. Töleg üçin hasap, ýazmaça arza tabşyrylandan soň berilýär.

3.Bäsleşik resminamalary toplumyny (ITB) almak üçin aşakdaky resminamalaryň nusgalaryny tabşyrmak zerurdyr:

– Kompaniýanyň wekili hökmünde çykyş edýän adamyň pasportynyň nusgasy,

– Bäsleşik resminamalaryny almaga baş ygtyýarnamanyñ nusgasy,

– Töleg geçirenligi tassyklaýan resminamanyñ nusgasy.

Arza tabşyrmak üçin soňky möhlet:

Bu bildiriş köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda arza tabşyrmaly.

Bellenen seneden giç gelen arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşigiñ şertleri boýunça goşmaça maglumatlary almak we arza tabşyrmak üçin aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bolýar:

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, CNPC edarasy. Habarlaşmak üçin: Narine Saakýan (+993-12) 44-54-34.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: