Iň täze habarlar

«Belavia» wagtlaýynça uçuş-gonuş howa menzilini Türkmenbaşydan Balkanabata geçirýär

20.05.2025 | 20:00 |
 «Belavia» wagtlaýynça uçuş-gonuş howa menzilini Türkmenbaşydan Balkanabata geçirýär

Hormatly ýolagçylar!

“Belavia” awiakompaniýasy, 2025-nji ýylyň 20-nji maýyndan 25-nji iýuly aralygynda Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berýär.

Bellenilen döwürde Türkmenistan bilen Belarusyñ arasyndaky howa gatnawy Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Halkara Balkanabat howa menzili arkaly amala aşyrylar.

Syýahatyňyzy meýilleşdireniňizde bu maglumatlary göz öňünde tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Bu ugur boýunça eýýäm bilet alan ýolagçylara, bileti täzeden resmileşdirmegiň zerur däldigini ýetirýäris. “Belavia” awiakompaniýasy ýolagçylara uçuş-gonuş howa menziliniň üýtgemegi barada SMS we e-mail arkaly habar berdi.

“Belavia” awiakompaniýasy hepdede iki gezek yzygiderli gatnawlary amala aşyrýandygyny ýatladýarys:

20-nji maý – 23-nji iýul döwri

745-nji gatnaw Minsk – Balkanabat

Sişenbe güni: uçar 23:50-de uçýar – 06:05-de gonýar

746-njy gatnaw Balkanabat – Minsk

Çarşenbe güni: uçar 06:55-de uçýar – 09:15-de gonýar

25-nji maý – 1-nji iýun döwri (Ýekşenbe)

745-nji gatnaw Minsk – Balkanabat

uçuş: 04:00 – gonuş: 10:15

746-njy gatnaw Balkanabat – Minsk

uçuş: 11:05 – gonuş: 13:15

07-nji iýun – 23-nji iýul döwri (Ýekşenbe)

745-nji gatnaw Minsk – Balkanabat

uçuş: 00:05 – gonuş: 06:20

746-njy gatnaw Balkanabat – Minsk

uçuş: 07:15 – gonuş: 09:30

Belarus awiakompaniýasynyň biletlerini diňe paýtagtda däl, eýsem “Türkmenhowaýollary” agentliginiň welaýat bölümlerinden hem satyn alyp bilersiňiz.

Giňişleýin maglumat almak we bilet satyn almak üçin aşakdaky satuw edaralaryna ýüz tutuň:

→ Aşgabat, Garaşsyzlyk köçesi 76, (“Olimp” jaýy, 1-nji gat); telefon: 21 04 36; 92 19 81

→ “Türkmenhowaýollary” agentliginiň merkezi edarasynyň howa gatnawlary gullugy, Aşgabat, Oguzhan köçesi 211; gije-gündiz açyk, maglumat üçin tel.: 391717

→ “Türkmenhowaýollary” agentliginiň  Halkara Türkmenbaşy howa menzili, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Awaza etraby, awia şäherjigi; tel.: +993 243 30025; +993 243 30010

→ Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahry Hazar köçesi, “Çarlak” myhmanhanasy, 1-nji gat

→ “Türkmenhowaýollary” agentliginiň   Halkara Türkmenbaşy howa menzili, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, awtomenzil, 1-nji gat; tel.: +993 222 70960

→ “Türkmenhowaýollary” agentliginiň   Halkara Daşoguz howa menzili, Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Magtymguly şaýoly, 12-nji jaý; tel.: +993 332 91221

→ “Türkmenhowaýollary” agentliginiň  Halkara Mary howa menzili, Mary welaýaty, Mary şäheri, Magtymguly şaýoly, 11-nji jaý; tel.: +993 522 52777

→ “Türkmenhowaýollary” agentliginiň     Halkara Türkmenabat howa menzili, Lebap welaýaty, Bagtyýarlyk köçesi; tel.: +993 422 94600

→ Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Magtymguly Pyragy şaýoly, 115A jaý, awtomenzil

→  “Türkmenhowaýollary” agentliginiň    Halkara Kerki howa menzili, Lebap welaýaty, Kerki şäheri; tel.: +993 444 25999

“Belavia” awiakompaniýasynyň gatnawlary boýunça ähli soraglar bilen şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz:

• 92 19 81, 21 04 36, (+993 65) 64 16 61;

• salgy: Aşgabat, Garaşsyzlyk köçesi 76

• elektron poçta: nаbаt.аtаyеvа@tрstrаvеl.сo

Foto: «Belawiýa»

Şeýle hem okaň: