Iň täze habarlar

Türkmenistan oba hojalyk pudagynda "IGN FI" bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

08.05.2025 | 23:40 |
 Türkmenistan oba hojalyk pudagynda "IGN FI" bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyndaky resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Fransiýanyň IGN FI kompaniýasynyň arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinleriniň uzak aralykdan gözegçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem bar.

IGN FI — dünýä belli geografiki maglumatlar boýunça ýöriteleşen kompaniýadyr. 1986-njy ýylda döredilen gününden bäri kompaniýa öňdebaryjy syýasatçylar, döwlet we hususy edaralary bilen hyzmatdaşlykda geomatika boýunça taslamalaryň öňdebaryjysy hökmünde tanalýar. Kompaniýa ýer ulanyşy, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, ýer serişdelerini dolandyrmak, raýat howpsuzlygy, töwekgelçilikleri dolandyrmak, ulag, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda çözgüt kabul etmek üçin zerur goldaw gurallaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, IGN FI kompaniýasy GEOFIT Group Toparynyň düzümine girýär we halkara taslamalaryň ýerine ýetirilmeginde IGN France-nyň tehniki operatory bolup çykyş edýär. Ol müşderiniň isleglerine laýyklykda öz bilim we tejribe ugry boýunça hyzmatlary hödürleýär: geodeziýa, metrologiýa, kartografiýa/milli giňişlik maglumat infrastrukturasy, maglumatlar binýady, geografiki maglumat ulgamlary (GIS), tematik portallar, ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça maglumat ulgamlary.

Kompaniýanyň hödürleýän giň gerimli hyzmatlarynyň hataryna aşakdakylar hem girýär: ýurduň kartalarynyň täzelenmegi, howply zolaklarda metrologik gözegçiligi, milli geomatika meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, tebigy betbagtçylyk ýagdaýlarynda dolandyryş merkezleriniň döredilmegi, kadastr işleri boýunça gözegçilik, daşky gurşaw boýunça maglumat binýatlarynyñ döredilmegi, serhetleriň kesgitlenmegi we başga-da köp ugurlar. Bu hyzmatlaryň her birinde IGN FI ýokary derejeli hünärmenleri çekip, syýasatçylara maslahat berýär, ulanyjylara goldaw berýär we okuwlary geçirýär. Şeýle-de, müşderiniň isleglerine laýyklykda innowasion çözgütleri hödürleýär.

IGN FI maglumatlary toplamak we ulanmak boýunça öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Ol dünýäniň dürli künjeklerindäki çözgüt kabul edijilere geografiki maglumatlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga kömek edýär we durnukly ösüşi goldaýar. Kompaniýanyň kartografik we giňişlik maglumatlaryny taýýarlamakda we toplamakda iň häzirki zaman programma üpjünçiligi we gurallary bar. Dünýäniň onlarça ýurduna hyzmat edýän IGN FI kompaniýasy müşderileriniň geomatika taslamalaryndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, innowasion çözgütleriň tehnologiýasy we ukyp-başarnyklaryny geçirmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Kompaniýanyň hödürleýän çözgütleri uzak möhletleýin gulluk etmegine niýetlenendir we müşderiniň talaplaryna görä yzygiderli ösdürilýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: