Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Pariždäki ykdysady forumda eden çykyşynyň esasy temalary

07.05.2025 | 02:15 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Pariždäki ykdysady forumda eden çykyşynyň esasy temalary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasyna geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumynda çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň forumyndaky çykyşy esasy üç ugurdan – ýurduň häzirki geosyýasy ýagdaýy, onuň geoykdysady mümkinçiligi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda Fransiýa bilen bilelikdäki işleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy.

Çykyşyň esasy maksady – Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde durnukly, syýasy taýdan bitarap we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanadylmagydyr.

I. Geosyýasy ýagdaý: Bitaraplyk daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr

Birinji bölümiň esasy temasy, 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny üçünji gezek ykrar etmek hakynda Kararnamany kabul edendigi barada boldy. Bu dereje diňe bir daşary syýasatyna resmi taýdan däl, eýsem Türkmenistanyň durnukly, deňagramly we konstruktiw diplomatiýasynyň esasy hökmünde hem seredilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu bolsa dünýä jemgyýetçili, şol sanda Fransiýa tarapyndan goldawa eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, açyk diplomatik başlangyç teklip edildi: 12-nji dekabrynda ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Sebitleýin gatnaşyklary daşary syýasatyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan Eýran we Owganystan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyna ygrarlydygyny nygtaýar. Eýran bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, Owganystan bilen bolsa taryhy we medeni umumylyklara esaslanýan durnukly dialog ösdürilýär.

II. Türkmenistanyň geoykdysadyýeti: maýa goýumlar, senagatlaşma we açyk bazarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyň ikinji bölüminde ýurduň ykdysady mümkinçiliklerine üns berildi. Halkara pul gaznasynyň seljermelerine laýyklykda, Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hataryna girýär. Bu bolsa amatly maýa goýum ýagdaýyny döretýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny kepillendirýän, umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda berk kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Soňra bolsa iki sany uzak möhletleýin ösüş maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Bu pudagyň esasy ugurlaryny öz içine alýan ýagny nebitgaz, gazhimiýa pudagyny, oba hojalygyny, gurluşyk ulgamyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagatlaşdyrmak maksatnamasy. Şeýle hem, durnukly ösüşe gönükdirilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli Milli maksatnamasy.

Türkmenistanda birnäçe iri taslamalara gatnaşýan – “Cifal”, “Buig”, “Vinci”, “Schneider Electric” ýaly fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň eýýäm gazanylan netijelerine uly üns berildi. Bu toplanan tejribe hem-de onuň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär.

III. Bilelikdäki işi utgaşdyrmakda bäş ugur

Çykyşyň jemleýji bölümi türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk tekliplere bagyşlandy. Bu bölümde, Türkmenistanyň ulgamlaýyn özara gatnaşyga taýyn bolan bäş sany ileri tutulýan ugur kesgitlenildi:

  1. Fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäk – aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäk.

  2. Şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmek. Hususan-da bu temalary energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşmagy we onuň mejlisini şu ýyl geçirmek teklip edildi.

  3. Kiçi we orta fransuz kärhanalaryny Türkmenistanda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek, bu bolsa işewür gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we taslamalary diwersifikasiýalaşdyrma ýardam berip biler.

  4. Syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk, bu ýerde Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak.

  5. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak – hususan-da görkezilen ugurlaryň ählisi boýunça, bu bolsa hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin durnuklylygyny we netijeliligini üpjün eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, häzirem strategik meýilnama taýýarlamak we anyk ädimlere geçmek üçin ähli zerur şertler bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen işewürleriniň foruma gatnaşmagyny açyklyga we dialoga taýýardygynyň tassyklamasy hökmünde görýär.

Geljege gönükdirilen gatnaşyklar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda göni gepleşikleri we özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny bilelikde gözlemek üçin meýdança döredendigi üçin fransuz guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gepleşikleri çuňlaşdyrmaga, ynamy berkitmäge we durnukly ykdysady geljegi bilelikde gurmaga gönükdirilen ähli başlangyçlary amaly taýdan ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy nygtaldy.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: