Iň täze habarlar

Türkmenistanda şähergurluşygy boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar

24.04.2025 | 23:45 |
 Türkmenistanda şähergurluşygy boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar

KUALA-LUMPUR, Malaýziýa. 24-nji aprel (ORIENT). Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ýurduň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlarynyň çekilmegini çaltlaşdyrmaga bagyşlanan sessiýada ministr gurluşyk pudagynyň ösüşi barada we daşary ýurt hyzmatdaşlary üçin ägirt uly mümkinçiligi, Türkmenistanyň uly göwrümli şäher ösüşi we döwrebaplaşdyryş meýilnamalary bilen baglanyşykly garaýyşlaryny beýan etdi.

Gurluşyk pudagy häzirki wagtda milli durmuş-ykdysady özgertmeleri boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýeläp, Türkmenistanyň çalt depgindäki ösüşine itergi berýän güýçleriň biridir. Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işi, binagärlik bezeginden we gurlan desgalaryň hilinden başlap, bahalaryň kesgitlenilmegine we seýsmiki ýagdaýa durnuklyga çenli iň ýokary standartlary üpjün etmäge gönükdirilendir, bu bolsa islendik göwrümdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döredýär.

1.jpg

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum, Kuala-Lumpur, 2025-nji ýylyň 23-24-nji apreli

Uly göwrümli gurluşyk we geljege garaýyş: XXI asyryň şäherleri maýa goýumlarynyň ösüş nokady hökmünde

Döwrebaplaşdyryş we tehniki taýdan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegiň netijesinde Türkmenistanyň gurluşyk toplumy hakykatdanam uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge ukyply. Iri senagat desgalary bilen birlikde ýurduň ähli künjeginde häzirki zaman amatly şertleri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepleriň we çagalar baglarynyň, ýokary derejeli lukmançylyk merkezleriniň we sport desgalarynyň gurluşygy işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Ýöne aýratyn buýsanç we pudagyň maýa goýum kuwwatynyň aýdyň mysaly halkara standarlaryna doly laýyk gelýän häzirki zaman şäherleriň we obalaryň döretmegidir.

Türkmenistanyň şähergurluşyk strategiýasy geljege gönükdirilendir. Eýýäm şu gün, ýokary tehnologiýalara esaslanýan täze şäherleri, obalary we “akylly” şäherleri gurmak üçin teklipleri taýýarlamak we taslamalary işläp düzmek işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Ýurduň sebitleriniň ösüşi üçin bu düzülen meýilnamalar taslamalary düzmek, gurluşyk, innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek, intellektual infrastrukturany döretmek we häzirki zaman serişdeleri bilen üpjün etmek ugurlarynda ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalary üçin giň maýa goýum mümkinçiliklerini açýar. Bu taslamalara gatnaşmak – diňe bir inedördül metre maýa goýmak däl, eýsem geljegiň şäherleriniň keşbini döretmäge we ýurduň durnukly ösüşine goşantdyr.

2.jpg

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew (çepde)

Arkadag şäheri: üstünlikli nusga we meýilnamalaryň durmuşa geçirilişiniň subutnamasy

Arkadag şäheri ýokary derejede şähergurluşyk meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyň mysalydyr – bu ajaýyp taslama örän gysga döwrüň içinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda durmuşa geçirildi. Sanlyja ýyllaryň içinde öňdebaryjyry binagärlik, gurluşyk we sanly tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman şäheriň birinji tapgyry guruldy. Şäher infrastruktura desgalarynyň birinji tapgyrynyň üstünlikli işe girizilmegi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çalt depginde alnyp barylmagy Türkmenistanyň döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini we şeýle dinamiki we goldaw şertlerinde işlemek isleýän maýadarlar üçin mümkinçilikleri aýdyň görkezýär.

Gurluşyk pudagynyň ösüşi, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Aşgabat-Türkmenabat ýaly okary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy diňe bir ýurduň içinde aragatnaşygy ýokarlandyrman, eýsem möhüm üstaşyr gelçelgesi hökmünde ornuny hem güýçlendirýär. Ýol gurluşygy we ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak pudagyndaky taslamalary, şähergurluşygyny goşmak bilen, tutuş ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşýan möhüm maýa goýum mümkinçiliklerini görkezýär.

3.jpg

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň wekiliýeti, Kuala-Lumpur

Ministr Abdulla Geldiýew öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň hyzmatdaşlyk we özara hormat ýörelgelerini berkitmek ugrundaky tagallalaryna işjeň gatnaşmagy, ýurtda alnyp barylýan iri gurluşyk işlerine daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni çekmäge möhüm goşant goşýar.

Çykyşynyň ahyrynda, Kuala-Lumpurdaky halkara maýa goýum forumynyň ähmiýetini belläp, ministr bu ara alyp maslahatlaşmanyň dünýädäki işewür toparlar bilen özara gatnaşygy güýçlendirmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik pudagy – bu diňe bir fiziki desgalary döretmek üçin däl, eýsem häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly we amatly şäherlerinde hem netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyga çagyrýan ýurduň geljegine maýa goýmak üçin möhüm ugurlardyr.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: