HGI-de "Bütindünýä saglyk güni" mynasybetli maglumat-interaktiw çäre geçirildi
11.04.2025 | 19:30 |10-njy aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanan «Sagdyn durmuş ýörelgesi — ýaş nesliň saýlawy» atly maglumatly-interaktiw çäre geçirildi.
Bu çäre BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) Türkmenistandaky Maksatnamalaýyn edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň arasynda saglyk we howpsuzlyk meselelerine düşünjeli çemeleşmäni ösdürmek hem-de olaryň häzirki zaman howplaryna garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Bu çärä Halkara gatnaşyklary institutynyň 80-den gowrak talyby gatnaşdy. Çäre joşgunly saz bilen başlandy, onuň yzýany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory, Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili we BMGNJM-niň Türkmenistandaky Maksatnamalaýyn edarasynyň wekili çykyş etdiler.
Çäräniň interaktiw maksatnamasy talyplary saglyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmaga hem-de giňden oýlanmaga höweslendirmeklige gönükdirildi. Ilki bilen gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça bilimlerini barlamak üçin «Hakykat ýa-da ýalan» atly hereketli oýna gatnaşdylar. Soňra bolsa olar tematik kwestden geçdiler. Kwestde döredijilikli stansiýalarda fiziki we ruhy saglygyň, şeýle hem zyýanly endikleriň öňüni almagyň dürli taraplary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Talyplaryň ünsüni aýratyn özüne çeken bölek — UNODC-nyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýän ýagdaýlaýyn ssenariýalaryň ýerine ýetirilmegi boldy. Olaryň arasynda neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, adam söwdasyna garşy göreş, onlaýn aldawçylyk ýaly häzirki zaman howplary bilen baglanyşykly meseleler görkezildi. Bu bölüm arkaly talyplar häzirki zaman töwekgelçilikleriniň öňünde nähili ýagdaýda ejiz bolup biljekdiklerini we howpsuz, sagdyn geljegi saýlamagyň nähili möhüm ähmiýete eýedigini has-da gowy düşünmäge mümkinçilik aldylar. Kwestiň ähli stansiýalaryndan geçenlerinden soň, gatnaşyjylar her bir dogry ýerine ýetirilen ýumuşuň netijesinde harplary ýygnap, sagdyn durmuş ýörelgelerine degişli kod sözlerini düzdüler.
Bu baý many-mazmunly gün gatnaşyjylara saglyk we howpsuzlygyň diňe bir söz däl-de, eýsem, gündelik edilýän saýlawdygyny ýatlatdy. Bilim we tankydy pikirlenmek bilen ýaraglanan ýaş nesil jemgyýetde oňyn üýtgeşmeleriň güýçli hereketlendirijisi bolup biler. Şeýle çäreler häzirki zaman dünýäsiniň wehimlerine taýýarlykly, jogapkärli we düşünjeli ýaşlary kemala getirmäge ýardam edýär.
ORIENT