Iň täze habarlar

Bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Dünýä Kubogynda kümüş medal gazandy

10.04.2025 | 19:35 |
 Bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Dünýä Kubogynda kümüş medal gazandy

2025-nji ýylyň 5-10-njy apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Jiangyin şäherinde geçirilýän IWUF-nyň 10-njy “Sanda” Dünýä Kubogynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Göwher Gowşudowa 70 kg agram derejesinde kümüş medal gazanmagy başardy.

Dünýä kubogy Halkara Uşu federasiýasy (IWUF) tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri gurnalýan ýokary derejeli sport bäsleşigidir. Bu ýylky ýaryşa dünýäniň 26 ýurdundan 170-e golaý türgen gatnaşyp, erkekler we zenanlar üçin 18 agram derejesinde 18 dürli medal toplumy üçin bäsleşilýär.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: