Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirilýär
10.04.2025 | 12:50 |Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlandy.
Gullugyň işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagy migrasiýa gullugynyň we onuň işgärleriniň öňünde duran wezipeleriň öwrenilmegini hem-de mundan beýläk ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu wezipeler “Migrasiýa hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynda beýan edilen.
Hünär taýýarlygyň ýokarlandyrylmagy işgärleriň hünär bilimleriniň yzygiderli baýlaşdyrmagyň maksady bilen geçirilýär. Migrasiýa işinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.
ORIENT news