Iň täze habarlar

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly ylmy-amaly maslahat, sergi we sport çäreleri guraldy

06.04.2025 | 17:45 |
 «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly ylmy-amaly maslahat, sergi we sport çäreleri guraldy

4-nji aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Özbegistandan, Türkiýe Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Rumyniýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Ermenistan Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzdan ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, alymlar, tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, sport ugurly ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleri hem-de talyp ýaşlary, şeýle hem, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri maslahatda sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

Şeýle-de halkara maslahatyň çäklerinde sanly ulgam arkaly Russiýa Federasiýasynyň Uýgunlaşma hokkeý federasiýasynyň wekili Anton Politow tarapyndan «Inklýuziw hokkeý» atly görkezme sapagy geçirildi. Soňra görkezme sapagy «Sport – hemmeler üçin» atly tema bilen dowam edip, sorag-jogap görnüşinde pikir alyşmalar, interaktiw duşuşyklar we okuw sapaklary bilen utgaşdy.

1

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahatyň we okuw sapagynyň çäklerinde sport ulgamynyň ösüşini, gazanylan üstünlikleri hem-de sportuň dürli ugurlaryndaky innowasion çemeleşmeleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň hem-de ylmy gurnaklaryň alyp barýan işlerini görkezýän ýörite sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi sanly ulgam arkaly halkara maslahatyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hem ünsüni özüne çekdi.

2

Bulardan başga-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen bu çäreler barada TBM habar berýär.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: