Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ilat gaznasy ýaşlary sporta çekmek üçin tagallalaryny birleşdirýär

05.04.2025 | 08:45 |
 Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ilat gaznasy ýaşlary sporta çekmek üçin tagallalaryny birleşdirýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde Aşgabatda giň gerimli sport çäresini guradylar.

Çäre her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherinde geçirildi. Ol ýaşlaryň arasynda sporty ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 200-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady.

Çäre köpçülikleýin ylgamak boýunça sport ýaryşyndan başlady. Soňra ýaşlar gender deňligi temasy boýunça interaktiw sessiýalaryna, kikboksing we thekwondo hem-de ýoga boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.

Çäre Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýaş gimnastlar we aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen tamamlandy.

Geçirilen bu çäre ähli ýaşlaryň, jynsyna garamazdan, sport we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmakda deň mümkinçiliklere eýe bolan inklýuziw we sagdyn jemgyýeti gurmak ugrunda möhüm ädim boldy. Şeýle hem, ol gender deňligiň wajyplygyny hem-de durnukly ösüşi gazanmakda ýaşlaryň ornuny açyp görkezdi.

ORIENT news

Foto: Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: