2036-njy ýylyñ tomusky Olimpiýa oýunlaryny kim kabul eder?
01.04.2025 | 13:15 |2036-njy ýylyñ XXXVI tomusky Olimpiýa oýunlarynyñ geçirilmegine birnäçe ýurt dalaş edýär. Olaryñ arasynda Hindistan, Türkiýe Respublikasy, Müsür, Indoneziýa, Polşa we Günorta Koreýa bar.
Hindistan Nýu-Delä we Agra esasy dalaşgärler hökmünde garaýar. Türkiýe Respublikasy hem öz haýyşnamasyny işjeñ öñe surüp, geçiriljek ýer hökmünde Stambuly teklip edýär. Müsür Kairiñ golaýynda ýörite olimpiýa şäherjigini gurmagy göz öñünde tutýar.
Olimpiýa oýunlarynyñ geçiriljek ýeri baradaky gutarnykly karar 2026-njy ýylda Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan kabul ediler. Munuñ özi bu möhüm sport çäresiniñ hojaýyny bolmak ugrundaky göreşe aýratyn bilesigelijilik goşýar.
ORIENT news