Iň täze habarlar

Lenovo gapagynda gün paneli oturdylan noutbugy bilen tanyşdyrdy

03.03.2025 | 15:15 |
 Lenovo gapagynda gün paneli oturdylan noutbugy bilen tanyşdyrdy

Barselonada geçirilýän Mobile World Congress dünýäniñ ykjam enjamlar senagatynyñ iri sergileriniñ birinde Hytaýyñ Lenovo kompaniýasy gapagynda gün paneli oturdylan Yoga Solar PC noutbugyñ taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Bu täzeçillik enjama gün ýagtysyndan kuwwatlanmaga mümkinçilik berýär. Munuñ özi köp wagtyny açyk howada ýa-da çäklendirilen elektrik togy mümkinçiligi şertlerinde bolan ulanyjylar üçin ony has-da özüne çekýär.

Lenovo kompaniýasynda habar berilşine görä, 24 % netijelilige eýe bolan gün paneli bir sagatlyk wideony görkezmek üçin 20 minudyñ dowamynda ýeterli energiýany alyp bilýär. Noutbuk 84 gün elementlerini, şeýle hem panel tarapyndan çykarylýan tok we dartgynlyk ölçeglerine gözegçilik edýän Lenovo Dynamic Solar Tracking programma üpjünçiligini öz içine alýar.

Yoga Solar PC modeli Intel Lunar Lake proseseriñ esasynda işleýär. Enjamyñ galyñlygy 15 mm, agramy 14 düýmlik OLED-displeýi bilen bile 1 kg barabardyr.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: