Iň täze habarlar

2024-nji ýylda Hytaý-ŞHG görkeziş zolagyndan TIR ulgamyny ulanmak bilen ýük awtomobilleriň ýollanmasy 283 ýetdi

24.01.2025 | 10:24 |
 2024-nji ýylda Hytaý-ŞHG görkeziş zolagyndan TIR ulgamyny ulanmak bilen ýük awtomobilleriň ýollanmasy 283 ýetdi

2024-nji ýylda Hytaý-Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) görkeziş zolagyndan TIR (Transports Internationaux Routiers, halkara ýol daşamasy) ulgamyny ulanmak bilen ýük awtomobilleriň ýollanmasy 283 ýetdi. Bu habar Sindao gümrügi tarapyndan berildi diýip, Sinhua agentligi belleýär.

Maglumatlar bu zolakdan geçýän halkara ýük daşamalaryň sanynyň ösmegini tassyklaýar. Nyrh hasabynda geçirilen ýükleriň möçberi 195 mln ýuana barabar boldy, bu hem 27 mln ABŞ dollaryna deňdir.

TIR ulgamynyň çäginde zolakda ýük awtomobilleriň düzümi 9 sanydan 150-ä çenli köpeldildi, bu hem TIR ulanmaga bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Hytaý-Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) görkeziş zolagynda Hytaý bilen Russiýany birleşdirýän awtomobil ýük daşamalaryň täze ugry girizildi, şeýle hem dört sany täze ugur, şol sanda Gyrgyzystan, Özbegistan, Belarus we Gazagystan ugurlary açyldy. Bu üýtgetmeler “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyň çäklerinde söwda gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini hem-de ŞHG-ä gatnaşyjy-ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny açyp görkezýär.

TIR ulgamy, BMG-niň Konwensiýalaryna esaslanyp, gümrük amallaryny ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar hem-de ýükleriň has netijeli resmileşdirilmegine ýardam berýär, bu bolsa halkara ýük daşamalaryny has howpsuz we tiz ýagdaýa getirýär.

ORIENT news

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: