Teatrdan şekilli goşga çenli: ýazyjy Hemra Şirowyň döredijilik meýilnamalary
06.01.2025 | 21:25 |Biziň hakykatymyzyň ýyl ýazyjylary, bu hünäriň adamlaryny şeýle atlandyryp bolar. Şahyrlar we ýazyjylar, dramaturglar we ssenaristler... köplenç göze görünmeýär, ýöne olaryň edebi zähmeti jemgyýetiň, aňyna we islegine gulluk etýär. Olar durmuşyň manysy, söýgi we adamyň borjy hakda baky soraglary ör boýuna galdyrýan öz döwürdeşleriniň sesi. Olar gündelik durmuşyň çäginden çykyp, hakykaty döredýärler.
Şolardan biri – belli türkmen ýazyjysy Hemra Şirow. Golaýda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan atly medal bilen sylaglandy. Bu gün eseri poeziýa, proza, drama we döredijilik ugurlaryny öz içine alýan bu zehinli we köptaraply ýazyjy bilen söhbetdeşligi hödürleýäris.
– Geçen ýyl TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalynda siziň “Ýaşyl zümerret” pýesanyňyz hakyky ýeňiş boldy. Ony döretmäge näme ylham berdi?
– Men size azajyk düzediş bererin. Festiwalda bu pýesa esasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan “Pursat” atly spektakl birinji orny eýeledi. Magtymguly hakda pýesa ýazmak pikiri mende köp wagt bäri bar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ony durmuşa geçirmegi makul bildim. Diňe bir beýik şahyrana mirasyny däl, eýsem içki dünýäsini we başdan geçirmelerini hem görkezmek isledim. Bu eseriň halkara derejesinde şeýle ýokary öwgä eýe bolar diýip pikir garaşmadym.
“Ýaşyl zümerret” pýesasy – bu meşhur “Turgul diýdiler” goşgusyny ýazandan soň Magtymguly bilen näme bolup biljekdigi baradaky düşünjäm. Göz öňüne getiriň: bir gije syrly adam şahyra görüner we ony ýedi asmanyň üstüne ajaýyp syýahata akidýär. Ol ýerde älemiň, geçmişiň, häzirki we geljegiň ähli syrlaryny görýär.
- Onda teatryň aslynda tötänlik bilen däl-de, üstünlikli saýlanan pýesa bilen başlaýandygyny aýtmak bolar?
– Teatr arzuwlar, pikirler, gözlegler, synag we ýalňyşlyk, gepleşik... bilen başlaýar. Men uzak wagtdan bäri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry bilen işleşip gelýärin. Nury Muhatow, Aman Agajikow, Rejep Allaýarow we Aşyr Abdullaýew ýaly ajaýyp kompozitorlar bilen ýakymly ýatlamalar baglanyşdyrýar. Bilelikde ajaýyp, ýatdan çykmajak çykyşlary we hatda operalary hem döretdik.
Rejep Rejepow bilen bilelikde ýazylan “Ýartygulak” operasy meniň kalbymda aýratyn orny eýeleýär. Oňa Nury Muhatow we Gurban Babaýew dirižorlyk etdiler. Bu uly göwrümli iş boldy, ýagny üstünde uzak wagtlap yhlas bilen işledik. Ideal ýerine ýetirijileri gözländiklerimiz, taraplara bölünip nädip jedel etdiklerimiz ýadymda. Ussat aýdymçy Atageldy Garýagdyýew, mysal üçin filarmoniýada işleýärdi we hemişe konsertler bilen meşgullanýardy. Şol sebäpli, taýýarlyklara yzygiderli gatnaşyp, ilkinji meýlnamada keşbini özleşdirip bilmezdi. Ahyrynda oňa ertekiçiniň keşbini bermek kararyna geldiler.
Bu operadan başga-da Rejep Rejepow bilen bilelikde, “Pişik batyr we onuň gelni”, “Işýakmaz gurbaga” we “Gedem horazjyk” atly üç sany çagalar üçin opera döretdik. Bu operalar ýaş nesli terbiýelemäge we olarda aýdym-saza söýgüni döretmäge gönükdirilipdi. Biziň çagalar üçin operalarynyň biri Aşgabatdyň aýdym-saz mekdepleriniň birinde sahna çykanda, nähili tolgundygym ýadymda. Biz Rejep ikimizem hatda premýerasynada gitdik...
Teatr bilen hyzmatdaşlygyň şol ýyllary meniň üçin örän netijeli boldy. Men şeýle zehinli adamlar bilen işlemek we biziň ýurdumyzyň medeniýetinde öz yzlaryny galdyrar diýip umyt edýän eserleri döretmek mümkinçiligi üçin ykbalyma minnetdar.
– Geliň, “Ýaşyl zümerret” pýesasyna gaýdyp geleliň. “Pursat” spektaklynda aýratyn öwüşginler köp, bu belli bir derejede edebi esas bilen baglanyşyklymy?
– Pýesa metafizika žanrynda ýazylan. Spektakl dramaturgiýa we sahna ýaly täzeçillik usullary bilen tapawutlanlar. Bu drama-plastik teatra ýakyn, bu ýerde esasy aňlatma serişdesi söz däl-de, aktýorlaryň plastikligi, hereketi we ýüz keşbi. Şeýle spektaklarda hekaýa gepleşik arkaly däl-de, wizual keşpler arkaly has köp aýdylýar. Mysal hökmünde meşhur teatr režissýory Roman Wiktýukyň eserlerine salgylanyp bileris.
Bagtymyza, tehnologiýa indi gaty ösdi we onuň kömegi bilen köp zat gazanyp bolar. Meniň pikirimçe, pýesanyň sahna beýan edilmeginde köp gyzykly režissýorlaryň hereketleri bar. Goýulan sahna eserleri ulular üçinem, ýaşlar üçinem gyzykly bolar diýip pikir edýärin.
Ýeri gelende aýtsak, bu meniň Magtymgula bagyşlanan birinji pýesam däl. Ýene-de biri bar – “Birinji diwan”. Dramaturglaryň döwlet bäsleşiginde 2-nji ýeri eýeledi. Şondan bäri iki ýyl geçdi, ol sahnalaşdyryldy we häzirki wagtda Daşoguzyň akademiki teatrynyň repertuarynyň sanawyna girýär.
“Ýaşyl zümerret” eserinde Magtymguly has ýokary güýçleriň biri hökmünde görkezilen bolsa, “Birinji diwan” (Birinji ýygyndy) pýesasynda halkyň arasyndan çykan adaty bir adama meňzeýär. Men režissýorlar bilen bolan söhbetdeşlikde şahyryň keşbini mümkin boldugyça ýönekeýleşdirmegi haýyş etdim. Bu oňa başartdy. Häzie bu pýesa Daşoguzyň akademiki teatrynda üstünlikli ýerine ýetirilýär.
– Döredijilik meýilnamalaryňyzy paýlaşsaňyz, sebäbi täze ýyl ýaňy başlandy, belki hyýallaryňyz we pikirleriňiz bardyr.
– Mende eýýäm birnäçe täze opera üçin libretto (sazly-drama eseriň teksti) bar. Olaryň biri çagalar operasy, galan ikisi nusgawy däp-dessurlar bilen döwrebaplyk bilen utgaşmaly uly göwrümli operalar. Maňa örän gyzykly, türkmen operasy, sazly dramasy, sazy teatry ýakyn wagtda nähilli bolar? Bu žanrlarda gaty köp mümkinçilik bar diýip pikir edýärin. Şeýle hem şahyrana tekstiň şekillendirilip bilinjekdigini görkezmek üçin şekil goşgy (stikografiýa) bilen baglanyşykly sergi guramak meýilnamalary bar. Bir söz bilen aýdylanda, meýilnamalar kän, men olary durmuşa geçirmegiň üstünde höwes bilen işlärin!
ORIENT