“Berkararda” Täze ýyl arzuwlaryny hasyl ediň! Aýaz Babanyň poçta we baýramçylyk marafonynyň açylyşy
14.12.2024 | 13:45 |Täsinlige taýynmy? 15-nji dekabrda Aşgabatdaky “Berkarar” «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ajaýyp Täze ýyl marafony başlaýar! Uly arçanyň çyralary ýakylar, şowhunly sazlar ýaňlanar we howadaky mandarinleriň ysy gudratlara garaşmak bilen garyşar. Köpden bäri garaşylýan Täze ýyl baýramçylygy başlar hem-de şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýatdan çykmajak duýgulary, ýylgyryşlary we köp sanly garaşylmadyk sowgatlary berer.
Esasy wakalardan biri Aýaz Baba poçta iberilmegi bolar. Iň gowy arzuwlar göni jadyly poçta arkaly Aýaz Babanyň oturýan ýerine gowşar! Esasy Täze ýylyň jadygöýiniň eline haýsy hatyň ilkinji bolup düşjekdigini kim bilýär?
“Berkarar” söwda we dynç alyş merkezindäki baýramçylyk marafony ajaýyp waka boljakdygyny wada berýär – merkeziň esasy bezelen arçasy çyralaryny ýakmak dabarasynda myhmanlar artistleriň çykyşlary, sabyn köpürjiklinň şowhunyna tomaşa edip we sowgatly utuşlara gatnaşyp bilerler. Iň kiçi myhmanlar üçin hakyky elf ussahanasy açylar! Kiçijik jadygöýler özboluşly Täze ýyl bezeglerini döredip, özlerini Aýaz Babanyň kömekçileri ýaly duýup bilerler
Şeýle hem myhmanlara baýramçylyk harytlarynyň ýarmarkasy garaşýar. Bu ýerde ajaýyp ýadygärlik sowgatlaryny we baýramçylyk saçagy üçin süýjilikleri satyn alyp bilerler we gyş ertekisindäki fota meýdançasyndan, şeýle hem tutuş maşgala üçin baýrakly köp ýaryşlardan lezzet alyp bilerler.
“Myhmanlarymyz üçin ajaýyp atmosferany döretmäge synanyşdyk – diýip gurmaçylar aýtdylar. – Bu wakalar – maşgalaňyz bilen wagt geçirmek, Täze ýylyň ruhuny duýmak we elbetde Aýaz Babanyň özi bilen duşuşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir!”
Aýaz Baba bilen duşuşyk baýramçylygyň kulminasiýasy bolar, onuň Berkarara gelmegi söwda merkeziniň ýubleýiniň öňüsyrasynda – 26-njy dekabrda bolar. Guramaçylar, dürli ýaşdaky myhmanlary begendirjek, janly aýdym-saz we dürli güýmenje bilen gyzykly maksatnamaly şowhunlary wada berýärler. Marafonyň her gününiň öz aýratynlygy, täze garaşylmadyk wakalara we işjeňlige, döredijilik açyşlara eýedir.
“Berkarar” SM baýramçylyk marafony ýekşenbe güni 15:00-da açylýar – bu diňe bir waka däl, täsinlige ynanmak üçin bir pursat. Ylham, şatlyk we jady üçin geliň! Täze ýyl eýýäm gapylarymyzy kakýar we şu ýerde ony doly şatlykly ýadaýda belläp bilersiňiz!
ORIENT