Iň täze habarlar

11-nji dekabr – Halkara daglar güni: biziň hökmany goramaly tebigy baýlygymyz

10.12.2024 | 16:45 |
 11-nji dekabr – Halkara daglar güni: biziň hökmany goramaly tebigy baýlygymyz

Daglar planetamyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Olar ýeriň ep-esli bölegini tutýarlar we howa, gidrologiki ýagdaýa we biodürlülige düýpli täsir edýärler.

Aziýa dünýäniň iň daglyk bölegi hasaplanýar – onuň meýdanynyň 64 göterimini beýikligi, derejesi we täsin tebigaty bilen tanalýan daglar tutýar.

Merkezi Aziýa, şeýle hem süýji suwuň iň möhüm çeşmesi bolan sebitiň aglaba bölegini tutýan daglary bilen meşhurdyr.

Daglaryň ekoulgamlarynyň planeta we adamzat üçin ähmiýetini göz öňünde tutup, BMG-nyň Baş Assambleýasy her ýylyň 11-nji dekabrda bellenilýän Halkara daglar gününi esaslandyrdy. Bu senäniň öňüsyrasynda, bu baýramçylygy döretmek başlangyjy öňe süren ýurt – Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdyk.

Jenap ilçi, Gyrgyz Respublikasy dag sebitleriniň durnukly ösüşiniň gün tertibini işjeň öňe sürýär edýär. Howanyň üýtgemegi we dag ekoulgamlaryna artýan antropogen täsir bilen baglanyşykly biziň ýurtlarymyz haýsy çagyryşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar?

2 (1) .jpg

– Daglar – bahasyna ýetip bolmajak tebigy hazyna bolup, ýer togalagynyň dörtden bir bölegini tutýar. Derýa basseýnleri daglardan gözbaş alyp, aşaky akymdaky giň sebitleri süýji suw bilen üpjin edýär. Aşaky akymlarda ýaşaýan adamlaryň durmuşy dag sebitlerinde we ekoulgamlarda bolup geçýän hereketlere baglydyr. Howanyň üýtgemegi sebäpli sebitdäki bu suw baýlyklary ýylsaýyn azalýar, suw, energiýa, azyk howpsuzlygyna we umuman ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.

Gyrgyzystanyň takmynan 94 göterimi daglar. Gyrgyzystan daglaryň durnukly ösüşi üçin ählumumy meýilnamany ýuwaş-ýuwaşdan düzmek üçin BMG-de yzygiderli ädimler ädýär. Gyrgyzystan daglyk ýerleriň meselelerini öňe süren ýurtlaryň ilkinjisi boldy. Biziň başlangyjymyz bilen 2002-nji ýylda Halkara Daglar ýyly geçirildi. Şol ýylda ilkinji Ählumumy daglar sammitinde Bişkek daglar meýdançasy kabul edildi, şol ýerde Halkara daglar gününi döretmegi teklip etdik. 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Gyrgyzystan dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni daglar meselelerine çekmek üçin işjeň işleri geçirýär. Gyrgyz Respublikasynyň başlangyjy bilen, 1998–2019-njy ýyllar aralygynda BMG-nyň Baş Assambleýasy daglyk ýurtlaryň meselelerine bagyşlanan 13 kararnama kabul etdi.

2019-njy ýylda Gyrgyzystan doganlyk Türkmenistan ýaly 29 döwleti öz içine alýan Daglyk ýurtlarynyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Gyrgyzystanyň halkara giňişliginde öňe süren daglar meýilnamasyndaky ähli başlangyçlary Türkmenistan tarapyndan goldanyldy we geljekde-de şeýle bolar diýip umyt edýäris. Daglar başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde diňe daglyk ýurtlaryň däl, eýsem beýleki ýurtlaryň hem goldawyna bil baglaýarys, sebäbi daglar diňe 1,1 milliard dag ilatyny däl, eýsem aşaky akymlarda ýaşaýan 2 milliard töweregi adamy suw we beýleki çeşmeler bilen üpjün edýär diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bakudaky COP29-da belledi.

Gyrgyzystan halkara giňişliginde daglar gün tertibini işjeň öňe sürýär. Siziň ýurduňyzyň soňky ýyllarda öňe süren iň möhüm başlangyçlary barada has giňişleýin gürrüň beräýseňiz?

3  (2).jpg

– Hawa, dogry aýdýarsyňyz, soňky üç ýylda Gyrgyzystan bu ugurda işjeň işleýär. Gyrgyz Respublikasynyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda 2022-nji ýylyň Halkara durnukly daglaryň ösüş ýyly diýip yglan etmek boýunça kararnama kabul edildi.

Munuň maksady – daglyk ýurtlarynyň meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmak we halkara jemgyýetçiliginiň daglyk ýurtlarynyň kynçylyklaryny we meselelerini çözmek üçin edýän tagallalaryna täze itergi bermekden ybarat.

Dag sebitleriniň durnukly ösüşi meselesiniň ähmiýetine düşünmek üçin BMG-nyň Baş Assambleýasy 2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň başlangyjy bilen 2023–2027-nji ýyllarda “Daglyk sebitlerini ösdürmek üçin bäş ýyllyk hereketlerini” yglan edýän kararnamany kabul etdi. Biziň başlangyjymyz we hyzmatdaşlarymyzyň giň goldawy bilen häzirki wagtda “2023-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli döwür üçin daglyk sebitlerini ösdürmek boýunça bäş ýyllyk hereketleriň meýilnamasy” durmuşa geçirilýär. Milli derejede bu meýilnama Ýol kartasyny we halkara derejesinde – Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-nyň Nýu-Yorkdaky ştab-kwartirasynda 2023-2024-nji ýyllarda hödürlenen Ählumumy hereketleriň meýilnamasy bar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Geňeşi (FAO) 174-nji sessiýasynda Daglaryň ösüşi boýunça bäş ýyllyk hereketi goldamak üçin bir bent (punkt) kabul etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň daglar başlangyçlary BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşy taraplaryň 28-nji maslahatynyň jemleýji hasabatlarynda öz beýanyny tapdy. Köp ýurduň tagallalary netijesinde daglar meýilnamasy hem-de daglar we howanyň üýtgemegi boýunça gepleşikler üçin resmi ýüz tutmany öz içine alýan soňky resminamada beýanyny tapdy.

Ähumumy daglar meýilnamasyny öňe sürmek üçin möhüm waka, Prezident Sadyr Žarowyň Bakuda geçirilen COP29 dünýäniň liderleriniň sammitine gatnaşmagy boldy hem-de 2027-nji ýylda “Bişkek + 25” atly ikinji Ählumumy daglar sammitine Gyrgyzystana ähli ýurt wekiliýetleri çagyrdy. Munda biz “Daglar bäş ýyllygynyň” jemlerini jemläris.

Howanyň üýtgemegi dag sebitlerine şol sanda Gyrgyzystanada düýpli täsir edýär. Howanyň üýtgemegi sebäpli ýurduňyz haýsy ekologiýa kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar?

1  (4).jpg

– Siz gaty möhüm sorag berdiňiz. Daglar – bu goramaly tebigy baýlykdyr. Daglyk sebitler Ýeriň takmynan 26 göterimini tutýar. Olarda dünýä ilatynyň 15 göterimi ýaşaýar we dünýädäki biodürlüligiň ýarysy daglarda duş gelýär. Dünýä ilatynyň ýarysyna golaýynyň abadançylygy dag gerişlerindäki suw, azyk we energiýa çeşmelerine baglydyr.

Gynansagam, howanyň üýtgemegi, ýerleriň zaýalanmagy, aşa köp ulanylmagy we tebigy betbagtçylyklar sebäpli daglar howp astyndadyr.

Sadyr Žarowyň Bakudaky COP29-da belläp geçişi ýaly – “Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi buzluklarymyza, suw baýlyklaryna, oba hojalygyna we umuman adamlaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýär. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda umumy meýdany 7 müň inedördül kilometre barabar 10 müň töweregi buzluklara eýedir.

Şol bir wagtyň özünde, 70 ýyllyk döwürde Gyrgyzystanda buzluk meýdany 1 müň 262 inedördül metr ýa-da umumy meýdanyň 16 göterimi azaldy. Bu ýagdaý dowam etse, buzluklaryň ep-esli bölegi asyryň ahyryna çenli ýok bolup biler. Bu diňe bir statistika däl, süýji suw üçin buzluklara garaşly millionlarça adamyň ömrüne we abadançylygyna gös-göni howp salýar”.

Gyrgyzystan dag ekoulgamlaryny goramak meselesini öňe sürmek üçin haýsy anyk çäreleri görýär?

2 (2) .jpg

– Dubaýdaky COP28-de, biziň Prezidentimiz halkara jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda ösen ýurtlary, dag ekoulgamlarynyň howasy we ekologiýa meselelerini çözmek boýunça gowşak daglyk ýurtlaryny ösdürmek tagallalaryna has işjeň goldaw bermäge çagyrdy şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) ýyllyk senenamasynda “Daglar we howa” barada täze ählumumy dialogy başlangyjy öňe sürdi. Bilelikdäki işleriň netijesinde 33 ýurt Gyrgyzystanyň “Daglar we howa” dialogyny UNFCCC-iň ýyllyk senenamasynda berkitmek üçin herekete çagyryş” başlangyjyny goldady.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Gyrgyzystanda dag ekoulgamlaryny we howanyň durnuklylygyny goramak maksady bilen ýurduň Prezidentiň başlangyjy bilen tokaý ýerlerini giňeltmek üçin “Žaşyl Muras” atly milli maksatnamasyna badalga berildi. 2022-nji ýylda 8 milliondan gowrak, 2023-nji ýylda 7,5 million bag nahallary oturdyldy we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 8 million bag nahallaryny oturtmak meýilleşdirildi.

COP29 Dünýä liderleriniň sammitiniň meýdançasynda Gyrgyzystan, Mongoliýa, Azerbaýjan we Nepal bilen bilelikde döwlet Baştutanlarynyň derejesinde “Daglar gün tertibini öňe sürmek hem-de daglar we howanyň üýtgemegi mowzugy barada ýokary derejeli dialog” geçirdi. Bu çärede Gyrgyzystan “Howanyň üýtgemegi, daglar we buzluklar baradaky jarnamany” başlangyjyny öňe sürdi, hem-de bu ýokary derejeli gepleşikleriň Jemleýji resminamasy hökmünde 15 döwlet tarapyndan goldanyldy.

Şeýle hereketler bilen Gyrgyzystanyň halkara jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy alyp barýan tagallalaryna goşant goşup biljekdigine ynanýarys.

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara nähili baha berýärsiňiz? Bu ugurda geçip barýan ýylyň jemläp bilersiňizmi?

3  (1).jpg

– Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda mähirli we dostlukly, birek-birege hormat goýmak ruhynda doganlyk gatnaşyklary ösdi. Halklarymyzy täze taryhy döwürde hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän köp ýyllyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Soňky ýyllarda syýasy ýolbaşçylaryň yzygiderli ikitaraplaýyn gepleşikleri ösdürmek islegini görkezýän ýokary derejeli duşuşyklaryň netijesinde gazanylan hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini belläsim gelýär.

Hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem köptaraplaýyn halkara meýdançalarynyň çäginde amala aşyrylýar.

Siziň pikiriňizçe hökümetara gatnaşyklar we ýokary derejeli duşuşyklar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde nähili orun eýeledi?

– 2024-nji ýylyň Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda netijeli ýyl boldy diýip hasaplaýaryn. Iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli esasda geçirilýär.

24-nji maýda, Aşgabatda GDA agza döwletleriniň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäginde Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şonda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini oýlanşykly ara alyp maslahatlaşdylar.

24-25-nji iýulda Gyrgyzystanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi üstünlikli geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ählisi boýunça gepleşikler geçirildi.

Bilşiňiz ýaly, Gyrgyzystanyň Зrezidenti oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşdy.

Bu forumyň çäginde döwlet Baştutany Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Togarasy (başlygy) Nurlanbek Şakiýew Türkmenistana resmi sapary wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşdy. Şonda taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Toraga 14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikguliýewiç Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we berk jan saglyk, bagt, parahatçylyk, mundan beýläkki ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

2 (4) .jpg

Wagt tapyp, maglumat beriji jogap bereniňiz üçin Size minnetdarlygymyzy bildirýäris. Siziň teswirleriňiz okyjylara Halkara daglar gününiň ähmiýetine we Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine has gowy düşünmäge ýardam eder. Alyp barýan işleriňizde üstünlik arzuw edýäris we ýetip gelýän baýramlar bilen gutlaýarys!

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: