Türkmenistan BMG-niñ Ýewropanyñ ykdysady komissiýasynyñ "Durnukly energetika hepdeligi-2024"-e gatnaşýar
19.09.2024 | 22:35 |18-19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyñ wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niñ Ýewropanyñ ykdysady komissiýasynyñ (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiñ çäresine gatnaşdy. Dürli ýurtlaryñ ýokary wezipeli adamlary bu sessiýa gatnaşdylar.
Ýokarda agzalyp geçilen maslahata gatnaşmak üçin Ženewa gelen Türkmenistanyñ energetika ministriniñ orunbasary Serdar Saparow 18-nji sentýabrda, çarşenbe güni "BMG-niñ ÝYK sebitinde adalatly geçiş üçin mümkinçilikleriñ kesgitlenilmegi" sessiýasynda çykyş etdi. Bu sessiýanyñ çäklerinde ýurtlaryñ ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine geçmek prosessinde öndebaryjy tejribä we bar bolan meselelere garaldy.
19-njy sentýabr, penşenbe güni Türkmenistanyñ adyndan BMG-niñ Ženewadaky edarasynyñ yanyndaky ýurduñ Hemişelik wekili Wepa Hajiýew çykyş etdi. Ol Türkmenistanyñ ykdysadyýet syýasatynyñ esasy ugurlarynda durup geçip, 2025-nji ýylda SPEKA-da (BMG-niñ Merkezi Aziýanyñ ykdysadyýeti üçin Ýörite Maksatnamasy) ýurduñ başlyklyk etmeginiñ çäklerinde möhüm wezipeleriñ ähmiýeti barada belläp geçdi.
Ýurduñ ykdysady ösüş strategiýasynyñ möhüm bölegi bolan durnukly energetikany ösdürmek we tebigy baýlyklary rejeli ulanmak boýunça Türkmenistan uly işleri amala aşyrýandygy barada bellenildi. Hususan-da, Wepa Hajiýew energetika pudagynyñ diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa ugry boýunça innowasion tehnologiýalaryñ ornaşdyrylmagyna we taslamalaryñ ösdürilmegine aýratyn üns çekdi diýip, Ženewadaky BMG-niñ edarasynyñ ýanyndaky Türkmenistanyñ Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Sessiýa çekişme bilen tamamlanyp, oña gatnaşyjylar energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiñ ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de durnukly ösüş boýunça taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribe alyşdylar.
ORIENT news