Iň täze habarlar

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

19.09.2024 | 21:40 |
 Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

19-njy sentýabrda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljak bilelikdäki sergileri we pudagara wekiliýetleriniñ ikitaraplaýyn saparlaryny guramak mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdiler. Georgiý Werşina "Politehnik" tehnologiýa parkynyñ gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, onuñ metallaryñ işlenilip taýýarlanylmagy, trawmotologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa we onkologiýa ýaly ugurlarda innowasion kärhanalaryny döretmek we olary goldamak boýunça wezipesi barada aýratyn belläp geçdi. Şu günki gün tehnopark tarapyndan 69 patent hasaba alyndy we 50-den gowrak innowasion tehnologiýalar işlenilip düzüldi.

19092021-turkmenistan-s-belorusskim-tehnoparkom-politehnik (1).jpg

Öñdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we öz ylmy barlaglaryny ösdürmegi maksat edinýän Türkmenistan üçin "Politehnik" ýaly halkara tehnologiýa parklary bilen hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm wezipe bolup durýar. Halkara sergilerine gatnaşmaklyk bolsa hyzmatdaşlaryñ we üpjün edijileriñ hem-de ýurda maýa goýumlaryñ çekilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşygyñ ahyrynda tehnoparkyñ ýolbaşçylary tarapyndan "Politehnigiñ" gazanan üstünliklerini we ylmy-tehniki işini açyp görkezýän wideo ýazgy görkezildi. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyñ ählumumy innowasion giñişligine goşulyşmagynda hem-de geljekki tehnologiki taslamalary üçin netijeli ekoulgamynyñ döredilmeginde möhüm ädim boldy.

Işiñ bu ugry ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açyp, ylma we tehnologiýa bolan gyzyklanmany ösdürmek bilen Türkmenistanyñ halkara innowasion hereketiniñ işjeñ gatnaşyjysy hökmündäki ornuny has-da berkidýär.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyñ Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: