Lawrow Hazarýaka ýurtlarynyñ diplomatlary bilen Türkmenistanda geçiriljek ministrleriñ duşuşygy barada maslahatlaşdy
18.09.2024 | 22:40 |Russiýa Federasiýasynyñ Daşary işler ministrliginiñ ýolbaşçysy Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniñ Ilçihanalarynyñ wekilleri bilen Hazar "bäşligi" (Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Türkmenistan" formatyndaky hyzmatdaşlygyñ ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyñ DIM-niñ habarynda aýdylýar.
"Hazar deñzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyñ birnäçe meseleleri hem-de "bäşlik" formatyndaky hyzmatdaşlygynyñ ösdürulmegi, şol sanda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniñ daşary işler ministrleriniñ nobatdaky duşuşygynyñ taýýarlyk işleri boýunça pikirler alşyldy" diýip, diplomatik wekilhanasynda habar edildi.
ORIENT news