Türkmenistan we Päkistan Gwadar portuna çykalga barada taryhy ylalaşyga gol çekmäge taýýarlanýarlar
16.09.2024 | 01:50 |Aşgabat we Yslamabad Türkmenistana Gwadar portuna çykalga mümkinçiligini açyp berýän möhüm ylalaşyga gol çekmäge taýýarlanýarlar. Bu ylalaşyk Hytaý-Päkistan ykdysady geçelgesiniň çäklerinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlaryna Gwadar portuna çykalga mümkinçiligini berýär.
Bu taryhy ylalaşygy baglaşmak üçin Päkistanyň hökümeti Gwadar we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ylalaşyk taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite komiteti döretdi diýip, “Truth International” ýazýar. CPEC Päkistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy düzümi bolup, ýurduň häzirki ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir. Bu geçelge Päkistany Hytaý bilen birleşdirmekde has düýpli sebit hyzmatdaşlygynyň täze ugry hökmünde hyzmat edýär.
Bu hyzmatdaşlyk energiýa howpsuzlygyny we sebit baglanyşygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi hem-de Günorta Aziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirjek demir ýol infrastrukturasy we optik süýümli ulgamlary ýaly esasy başlangyçlary öz içine alýar.
Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Päkistanyň hökümeti Gwadar portunyň üsti bilen döwlet böleginiň importunyň 50 % bölmek mümkinçiligine baha bermek üçin komiteti döretmek bilen ýene bir möhüm ädim ätdi. Bu çözgüt hökümetiň Gwadar portuny söwdanyň we ykdysady işiniň esasy bölegi hökmünde ulanmaga bolan isleglerini açyp görkezýär.
Deňiz işleriniň ministrligi ýükleriň we konteýnrleriň üstaşyr geçelgesi üçin iki portuň mümkinçiliklerini ulanmakda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň Ylalaşygyň maksady bolup durýandygy barada Päkistanyň Ministrler Kabinetine habar berdi.
CPEC we Gwadar porty barada gysgaça maglumatlar
Arap deňzinde Päkistanyň Belujistan welaýatynda ýerleşen Gwadar porty CPEC-iň esasy bölegi bolup, Hytaýy Arap deňzi bilen birleşdirip, söwda ýollaryny aňsatlaşdyrmaga gönükdirilendir. Port Päkistanyň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde işlenilip, onuň işlerini China Overseas Port Holding Company dolandyrýar. Portuň strategik taýdan ýerleşişi diňe bir Päkistan üçin däl, eýsem deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana hyzmat edýär.
Soňky wakalar
Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilýän soňky habarlarda Türkmenistana Gwadar portuna çykalga mümkinçiligini berjek Türkmenistan bilen Päkistan özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmäge taýýarlanýandyklary barada aýdylýar. By ylalaşyk Türkmenistan üçin söwda ugurlaryny ösdürip, oňa has çuň suwly port arkaly harytlary netijeli eksport etmäge mümkinçiligini berjekdigine garaşylýar.
Sebit söwdasy üçin netijeler
Gwadar portuna çykalga mümkinçiligi Türkmenistana birnäçe artykmaçlyklary berjekdigine garaşylýar:
Söwda mümkinçilikleriniň giňeldilmegi – Türkmenistan öz harytlaryny, şol sanda tebigy gazyny we oba hojalyk önümlerini Gwadaryň üsti bilen halkara bazarlaryna has netijeli eksport edip biler.
Ulag aragatnaşyklarynyň gowulandyrylmagy – Ylalaşyk Merkezi Aziýa we dünýä bazarlarynyň arasynda ulag aragatnaşyklarynyň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berip, bar bolan netijeliligi pes ugurlaryndan baglylygy azaldar.
Ykdysady ösüş – deňiz söwda ýollaryna çykalga mümkinçiliginiň gowulanmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýardam edip we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine mümkinçilik berer.
Umuman, bu waka Türkmenistan we tutuş Merkezi Aziýa üçin uly ähmiýete eýedir, sebäbi ykdysady hyzmatdaşlyk we Gwadar strategiki portunyň üsti bilen söwdanyň ösdürilmegine täze mümikçilikleri açyp berýär.
ORIENT news