Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi
16.09.2024 | 15:30 |Şu gün 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi. Bakuda geçiriljek Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlar maslahatynyň (COY19) hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP29) 29-njy maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabara Aşgabatda ýaş ekologiýa babatda işjeň raýatlary, diplomatlary we halkara guramalarynyň wekillerini jemläp, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly syýasatyň we durnukly ösüşiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasy gutlag sözi bilen başlap, onda ýokary wezipeli myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Azerbaýjanyň Ilçisi – Gismet Gezalow, Beýik Britaniýanyň Ilçisi – Stiwen Konlon, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçisi – Ahmed al-Hameli, Türkmenistandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko dagylar çykyş etdiler. Şeýle-de gutlag söz bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça: Syýasy dialog we 2024-2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler” maksatnamasynyň müdiri Karolina Milow hem-de Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş etdiler.
Maslahatyň iş toparlary howanyň üýtgemegine garşy göreşiň dürli ugurlaryna üns berdiler: halkara hukuk gurallary we ählumumy howanyň üýtgemegi bilen bagly prosesslerde ýaşlaryň orny; howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek üçin IT-tehnologiýalarynyň ulanylmagy hem-de uglerod yzynyň azalmagy üçin sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy; türkmen Aralýaka sebitinde tebigy baýlyklrynyň durnukly dolandyrylmagy; oba hojalykda suwy netjeli ulanmak tejribesi we howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de toparlar energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri hem-de energiýa tygşytlaýjy usullary barada jemgyýeti habarly etmegiň strategiýalaryny, howanyň hilini gowulandyrmak we ozon gatlagyny goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşiň ösüşinde we ekologiýa taýdan arassa şäherleriniň döredilmeginde bilim ulgamynyň itergi güýji hökmündäki orny barada maslahatlaşdylar.
Maslahatyň jemleýji bölümçesi çekişmeleriň netijelerini hödürlemek we Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň Ýol kartasyna giriziljek teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ähli iş toparlaryny jemledi. Bu teklipler halkara maslahatlarda göz öňünde tutulyp, howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça netijeli strategiýalarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.
Maslahat howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ählumumy başlangyçlarynda ýaşlaryň işjeň ornuny hem-de durnukly ösüş üçin çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmagyna ýaşlaryň işjeň çekilmegini açyp görkezdi. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howplarynyň ýaýbaňlanýan şertlerinde munuň ýaly çäreleriň geçirilmegi innowasion çemeleşmeleriniň işlenilip düzülmegine mümkinçilik berip, howanyň üýtgemegine garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.
ORIENT news