Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň OHCHR-niň sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
04.09.2024 | 23:25 |4-nji sentýabrda çarşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar geljekki hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar. Munuň bilen baglylykda, demokratik institutlary mundan beýläk kamilleşedirmekde, adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy alyp barýandygy barada bellenildi.
Türkmenistan tarapyndan adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara komissiýasynyň işi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary we gender deňligi boýunça Milli çäreleri amala aşyrmak, 2023-2028-nji ýyllar üçin çaga hukuklaryny durmuşa geçirmek meseleleri barada hem maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Zenanlara garşy kemistmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda komitetiniň, Çaga hukuklary baradaky komitetiniň çäklerindäki dialoglaryň netijeleri barada maslahatlaşyp, komitetleriň maslahatlaryny ýerine ýetirmek üçin yzygider esasda hyzmatdaşlygy alyp barmak barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşler “Adam hukuklary ulgamynda bilimler” ugry boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde gyzyklanma bildirdiler.
ORIENT news