Iň täze habarlar

Türkmenistan Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjylaryň hatarynda

04.09.2024 | 03:50 |
 Türkmenistan Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjylaryň hatarynda

3-nji sentýabrda geçirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça webinaryň çäklerinde Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasynyň (BHSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (AOHG) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (DGM) wekilleri adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärä Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Arslan Soltanmyradow gatnaşdy. “Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň milli ugrukdyryjysy hökmünde, ol zoonoz keselleriniň öňüni almagynda we haýwanlardan öndürilýän önümleriň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň tagallalarynyň ähmiýeti barada belläp geçdi. Bilermen Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugynyň adam we haýwan saglygyny goraýyş hem-de daşky grşaw ulgamlaryny birleşdirýän “Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň çäklerinde haýwanlaryň saglygyny we olaryň goraglylygyny üpjün etmekde çärelerini durmuşa geçirýändigini aýratyn belläp geçdi.

Screenshot_2024-09-03-16-33-55-646_us.zoom.videomeetings.jpg

Şeýle-de Soltanmyradow ähli ugurlarda durnukly saglygy üpjün etmek maksadyna bilelikde ýetmekde döwletara hyzmatdaşlygynyň we tejribe alyşmagyň möhüm ädim bolup durýandygy barada aýratyn belledi. Onuň pikirne görä, sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi pandemiýa we howanyň üýtgemegi ýaly häzirki zaman meselelerini netijeli çözmekde hem-de Merkezi Aziýa üçin ygtybarly geljegi üpjün etmekde ýardam eder.

Webinar “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde ÝYK-nyň agza-ýurtlarynyň kuwwatynyň berkidilmegine we gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmagyna gönükdirildi. Maslahatyň esasy meseleleriniň arasynda azyk senagatynda we oba hojalygynda mikroblara garşy serişdeleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de “Bitewi saglyk” başlangyçlarynyň milli we sibit derejesinde ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak meseleleri boldy.

Şeýle çärelere Türkmenistanyň gatnaşmagy saglygy goraýyş we howpsuzlyk pudaklarynda ýurdumyzyň halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezip, “Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň çäklerinde umumy meseleleri çözmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär.

Türkmenistanda “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek üçin Milli bölümara komiteti döredildi.

“Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň netijeli ornaşdyrylmagy üçin Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugyndan we Daşky gurşawy goramak ministrliginden milli ugrukdyryjylar bellenildi.

ORIENT news

Foto: State veterinary service of Turkmenistan

Şeýle hem okaň: