Iň täze habarlar

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Kazan federal uniwersitetine baryp gördi

28.08.2024 | 16:25 |
 Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Kazan federal uniwersitetine baryp gördi

Ýokary we orta-hünär okuw mekdepleri boýunça bilim ministriniň orunsary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan federal uniwersitetine baryp gördi.

Kazan uniwersitetiniň tarapyndan duşuşyga birinji prorektor – ylmy işler boýunça prorektor Dmitriý Taýurskiý we Daşary aragatnaşyklaryň Departament müdiri Olga Werşinina gatnaşdylar.

Taýurskiý Kazan uniwersitetiniň düzümi barada aýdyp, ýokary okuw mekdebinde “Ileri tutulýan ugurlar-2030” atly strategik akademiýa liderligi Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän 5 sany strategik taslamalar barada belläp geçdi.

Werşinina Kazan federal uniwersitetiniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi. Şeýle-de ol bu ýokary okuw mekdebinde biziň ýurdumyzyň 4000 wekiliniň bilim alýandygyny belläp, Kazan uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplarynyň takmynan birden üç bölegi Türkmenistanyň raýatlarydygyny aýratyn belläp geçdi. Departament müdiri Uniwersitet Türkmenistanyň dört sany ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi barada belläp, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar instituty bilen has ýakyn aragatnaşygyň ýola goýulandygyny aýtdy, diýip, Kazan federal uniwersitetiniň maglumat syýasaty boýunça Departamenti habar berdi.

28082024-zamministra-obrazovaniya-turkmenistana-posetil-kazanskij-federalnyj-universitet (2).jpg

Azat Ataýew ýokary tejribeli hünärmenleriň taýýarlanylyşy we türkmen talyplaryna berilýän goldaw üçin Kazan federal uniwersitetine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Bilim ministriniň orunbasary Kazan fedarl uniwersiteti bilen onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirip, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen mowzuklaýyn onlaýn-duşuşyklary geçirmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Azat Ataýew iki hilli - Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň we Kazan federal uniwerstitetiniň diplmlaryny alyp biljek dürli ugurlar boýunça, şol sanda materiallaryň dizaýni boýunça bilelikde hünärmenleri taýýarlamagy teklip etdi.

28082024-zamministra-obrazovaniya-turkmenistana-posetil-kazanskij-federalnyj-universitet (3).jpg

ORIENT news

Foto: Инна Басырова/kpfu.ru

Şeýle hem okaň: