Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyny giňeltmek boýunça geçirilýän işlere baha berdi

26.08.2024 | 03:25 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyny giňeltmek boýunça geçirilýän işlere baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynda “Arçman” şypahansyna baryp, ol ýerde şypahanany giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler bilen hem-de onuň çäginde gurulýan desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Hususan-da, bu ýerde 400 orunlyk täze bejeriş binasynyň döredilmegi, suw arassalaýjy desganyň, bejeriş suw, naharhana we çaýhana üçin niýetlenen binalaryň gurulmagy meýilleşdirilen. Stomatologiýa, anyklaýyş, fiziki bejeriş, rentgenologiýa otaglarynyň we olaryň tehnologiýa enjamlaşdyrylmagy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

26082024-gurbanguly-berdymuhamedov-ocenil-hod-rasshireniya-sanatoriya-archman (3).jpg

"Watan" habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde habar berilmegine görä, Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyk işlerinde öňdebaryy tejribeleriniň ulanylmagyna we möhüm bolan ekologiýa düzümine ünsi çekmek bilen bu taslamalara birnäçe bellikler edip, düzedişleri girizdi.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Arçman” şypahanasy – ýurduň meşhur sagaldyş merkezleriniň biridir. Bu ýere saglyklaryny dikletmek üçin gelýän raýatlaryň sany ýylsaýyn artmagy sebäpli orunlaryň sanynyň köpeldilmegini we suw bejeriş şypahananyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär.

26082024-gurbanguly-berdymuhamedov-ocenil-hod-rasshireniya-sanatoriya-archman (2).jpg

ORIENT news

Foto: tv.online.tm

Şeýle hem okaň: