Iň täze habarlar

Pariždaky Olimpiýa oýunlarynda janköýerler OMEGA-nyň kömegi bilen türgenleriň çykyşlary barada has köp maglumat alýarlar

06.08.2024 | 10:48 |
 Pariždaky Olimpiýa oýunlarynda janköýerler OMEGA-nyň kömegi bilen türgenleriň çykyşlary barada has köp maglumat alýarlar

Sportuň muşdaklary bütindünýä olimpiýa hyzmatdaşy bolan OMEGA-nyň iň täze tehnologiýasynyň kömegi bilen Pariž – 2024 Olimpiýa oýunlarynda türgenleriň çykyşlary barada has giňişleýin maglumat alýarlar.

Iň täze tehnologiýalaryň biri bolan bu ulgam her bir oýunçynyň aralygyny, oýunçylaryň we topuň tizligini hem-de türgenleriň ajaýyp tilsimlerini hasaba almak üçin niýetlenendir.

Türgenlerden indi bu ölçegleri hasaba almak üçin sport eşikleriniň içinden ölçeýji ulgamy (datçigi) geýmek talap edilmeýär. Hemme maglumatlar oýun meýdançasynyň töwereginde gurlan ýokary ölçegli kameralaryň kömegi bilen ýygnalýar. Her bir kamera sportuň aýratyn görnüşi üçin ýörite taýýarlanan emeli aň (EA) modellerine maglumat berýär.

Mysal üçin, tennisde kompýuteriň ulgamy her gaýdyp gelen topuň reaksiýa wagtyny ölçeýär, gimnastikada bolsa emeli aň bilen işleýän beden yzarlamasy hat-da türgeniň aýaklarynyň uçlaryny hem kesgitläp biler.

OMEGA kompaniýasy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynda 32 sany sportuň görnüşi boýunça 329 sany Olimpiýa çäreleriniň hemmesinde wagt we utuk hasabyny ýöretmek üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Kompýuter ulgamlarynyň kömeginden başga-da, Pariždaky Olimpiýa oýunlarynda OMEGA pellehanada sekuntda 40,000 sanly suraty ýazga geçirmäge ukyply iň soňky Scan'O'Vision ULTIMATE fotosurat kamerasyny ulanýar.

ORIENT news

Foto: olympics.com

Şeýle hem okaň: