Iň täze habarlar

Pariždaky Olimpiýa oýunlarynda medal gazananlar “Samsung”-yň kömegi bilen ýeňiş selfisini alýarlar

05.08.2024 | 09:37 |
 Pariždaky Olimpiýa oýunlarynda medal gazananlar “Samsung”-yň kömegi bilen ýeňiş selfisini alýarlar

Olimpiya oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň medal gowşurylyş dabarasynda ulanmak üçin “Galaxy Z Flip6 Olympic Edition” smartfonyny hödürlär. Bu, türgenlere özboluşly ýeňiş selfi bilen ýatlamalaryny surata almana we paýlaşmaga mümkinçilik berer.

Ozal oýun meýdançasynda el telefonlary ýaly şahsy zatlara rugsat berilmeýärdi, şonuň üçin türgenler medallaryny alanda surata düşüp bilmeýärdiler.

Aýry-aýry medal gazananlar we iki türgenden köp bolmadyk toparlary sylaglamak dabarasynda ýeňiş selfisi rugsat edilýär. Şol bir wagtyň özünde, medal gazananlaryň hersine nädip we haçan surata düşmelidigi barada görkezmeler berilýär. “Samsung” kompaniýasynyň tehnologiýasynyň hünärmenleri sportçylaryň selfisini sport görnüşleri boýunça tertiplär we şondan soň olary Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) “Atlet365” web sahypasyna ýüklär.

Pariždaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň her biriniň aljak “Samsung Galaxy Z Flip6” smartfonynyň ýörite Olimpiýa wersiýasy aýratyn hyzmatlar we peýdaly goşundylar bilen üpjün edilýär. Hususan-da, türgenler Oýunlaryň tertibini ýerine ýetirip, Olimpiýa desgalaryna aňsatlyk bilen syýahat edip bilerler ýa-da Olimpiýa oýunlarynyň resmi mobil oýunlaryndan lezzet alarlar.

Mundan başga-da, her bir smartfon “Orange” operatory tarapyndan üpjün edilen 5G ulgamda 100 Gb internet bukjasyny mugt ulanmak mümkinçiligi bolan eSIM bilen enjamlaşdyrylandyr.

“Resmi taýdan satuwa çykmazyndan ozal akylly we kuwwatly “Galaxy Z Flip6” türgenlere synag üçin ulanyp görmäge mümkinçiligiň döredilmegi biziň üçin uly abraý” – diýip, “Samsung Electronics” kompaniýasynyň mobil tehnologiýa bölüminiň marketing bölümçesiniň ýolbaşçysy Stefani Çoý aýtdy.

“Samsung” kompaniýasy 1998-nji ýyldaky Nagano gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňisyrasynda Bütindünýä Olimpiýa hyzmatdaşy boldy. Şondan bäri “Samsung” kompaniýasy innowasion ykjam tehnologiýalary, dünýädäki Olimpiýa jemgyýetiniň, türgenleriň we janköýerleriň aragatnaşyk we maglumat paýlaşmak usulyny üýtgetdi.

ORIENT news

Foto: news.samsung.com

Şeýle hem okaň: