Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew Wýetnamyň Prezidenti To Lama ynanç hatyny gowşurdy. Bu dabara 21-nji iýunda ýurduň paýtagty Hanoýda Prezident Köşgünde geçirildi.

Prezident To Lam ilçi Parahat Durdyýew bilen duşuşygynda, Wýetnamyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyga hemişe ýokary baha berýändigini hem-de iki ýurduň umumy bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Prezident To Lam ähli derejelerde wekiliýetleriň alyşmagyň, özara ynamy we düşünişmegi pugtalandyrmak üçin ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerdäki gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin binýadyny döretmegiň möhümdigini belledi. Bu barada Wýetnamyň öňdebaryjy KHBS habar berdi.
ORIENT news
