Iň täze habarlar

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Rus diliniň güni geçirilýär

06.06.2024 | 21:45 |
 ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Rus diliniň güni geçirilýär

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda beýik rus şahyry Aleksandr Puşkiniň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli Rus diliniň güni geçirilýär. Russiýanyň bu guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Rinat Alýautdinow: “Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça platformasynda rus diliniň gününi açmaklyk meniň üçin uly mertebedir diýip, geçirilýän çärede belledi.

Ol rus diliniň rus siwilizasiýasynyň medeniýet giňişligine hem-de gymmatly bilimlere elýeterliligi üpjün edýändigini, şeýle hem pikirleri, ykdysady we medeni üstünlikleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi diýip, TASS habar berýär.

Rus diliniň gününi baýram etmek, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki başlangyjy bolup durýar. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň bilelikdäki saz we tans toparlarynyň, rus aýdymçysy Ýelena Maksimowanyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.

6-njy iýunda tutuş dünýäde Rus diliniň güni bellenilýär. Bu şanly sene 2010-njy ýylda BMG tarapyndan esaslandyryldy. Bir ýyl soňra bolsa Prezidentiň resmi Permany bilen bu sene Russiýada resmi taýdan yglan edildi. Bu baýram Aleksandr Puşkiniň doglan gününe gabatlanyldy. Rus diliniň güni ilkinji gezek 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda baýram edildi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Rus diliniň güni mynasybetli iberen gutlagynda, häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 250 million ýaşaýjylaryndan gowragy rus dilinde gürleşýärler, şeýle hem geçen ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen rus dili boýunça halkara guramasynyň döredilendigini we onuň beýleki döwletler üçin hem açykdygyny aýtdy.

RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy jemgyýetçilik wekillerine, daşary ýurtlarda ýaşaýan rus watandaşlaryna, Russiýanyň köpsanly dostlaryna rus diliniň giňişligini aýap saklamaga goşýan goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Foto: getyourguide.ru

Şeýle hem okaň: