Iň täze habarlar

Hytaýda «Apple-iň» taryhdaky iň uly arzanladyşlardan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy artdy

29.05.2024 | 14:02 |
 Hytaýda «Apple-iň» taryhdaky iň uly arzanladyşlardan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy artdy

«Apple» üçin iň möhüm bazarlaryň biri hasaplanýan Hytaýda kompaniýa tarapyndan smartfonlaryň we beýleki önümleriň bahalary arzanladylandan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy 52% artdy.

Şeýlelikde, Hytaýda «iPhone 15» smartfonlarynyň bahasy 320 dollara çenli arzanlady.

Täze gözlegiň netijesine görä, «Apple» hytaýly ulanyjylar üçin iň gowy görülýän smartfon brendine öwrüldi. Olaryň köpüsi nobatdaky smartfony üçin 800 dollardan gowrak pul sarp etmäge taýýardylar.

Täze «iPhone 16» setiri sentýabr aýynda çykar. Oňa «Mate 70» setirini çykarmaga taýynlanýan «Huawei» bäsdeşlik eder.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: