Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşýar

27.05.2024 | 09:57 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilçäý «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisine gatnaşýar.

Agentlik myhmanlary Türkmenistanyň raýatlaryna hödürlenýän hyzmatlar, hususan-da, ýerli we öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, milli teleýaýlymlar we radioýaýlymlar bilen tanyşdyrýar.

Şeýle hem agentligiň diwarlygynda onuň alyp barýan işleriniň netijesinde gazanan üstünlikleri şöhlelendirilýär.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisinde şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, toplan tejribesi we mümkinçilikleri görkezilýär. Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter enjamlary, aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty pudagynda gazanylan üstünlikler görkezilýär.

ORIENT news

Foto: mincom.gov.tm

Şeýle hem okaň: