Iň täze habarlar

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi

23.05.2024 | 23:05 |
 Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi. Kärhana, öziniň jebis toparynyň bir bölegi bolmaklyga taýýar şeýle-de onuň ynamly ösüşine goşant goşjak, maksadaokgunly, tejribeli we sowatly hünärmenleri gözleýär.

Kärhana iň öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, halkara standartlara gabat gelýän ýokary hilli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekgi işgärlere şu durmuş üpjünçilikleri teklip edilýär:

  • Bäsdeşlige ukyply aýlyk haky we durmuş ýeňillikleri;

  • Zähmet ýolunyň ösüşine we kämilleşmäge mümkinçilikler;

  • Tejribeli we agzybir işgärler düzümleri;

  • Häzirki zaman zähmet şertleri.

Zerur hünärmenler:

  • Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürmekde tejribesi bolan inžener-tehnologlar;

  • Awtomatlaşdyrylan liniýalarda iş tejribesi bolan önümçilik ýerleriniň hünärmenleri we ussalary;

  • Tehniki bilimi we degişli sertifikaty bar bolan önümçilik liniýalarynyň operatorlary;

  • Material gymmatlyklar saklamakda iş tejribesi bolan ammar işgärleri;

  • Ýükleri gatnatmak we logistika ugurlary boýunça iş tejribesi bolan hünärmenler.

Eger-de siz:

  • Toparda işläp bilýän bolsaňyz;

  • Işiňize jogapkärçilikli garaýan bolsaňyz;

  • Şahsy ösüşe we kämilleşmäge ymtylýan bolsaňyz;

  • Täze ýumuşlara we çagyryşlara taýýar bolsaňyz:

Onda topara hoş geldiňiz!

Ýüz tutma hatyny tabşyrmak üçin 15.06.2024ý senä çenli aşakdaky onlaýn salgy boýunça girip, degişli görnüşi (sowalnamany) dolduryň

Sizden geljek sowalnamalara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Foto: rssinc.com

Şeýle hem okaň: