Belarusyň ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärlerini okuwa çagyrýarlar
23.04.2024 | 12:41 |Belarus uniwersitetleri Türkmenistandan zehinli dalaşgärler üçin gapylaryny açýarlar. Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň Aşgabatdaky resmi wekili bolan «Ideýa+» agentligi türkmen ýaşlaryny abraýly talyplar jemgyýetiniň bir bölegi bolmaga we 2024-2025-nji okuw ýylynda bakalawriat, magistratura, aspirantura we doktorantura ugurlary boýunça ýokary bilim almaga çagyrýar.
Biziň hyzmatdaşlarymyz – Respublikanyň iri ýokary okuw mekdepleri:
Belarus döwlet informatika we radiotehnika uniwersiteti (BDIRU) – IT bilim ulgamynda öňdebaryjy bolmak bilen, isleg bildirilýän hünärleriň giň toplumyny hödürleýär.
Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU) – ýurtdaky iň iri tehniki ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, bu ýerde dürli ugurlar boýunça ýokary hünär derejeli inženerler taýýarlanýar.
Belarus elýeterli bahalardan ýokary hilli bilim almak üçin iň amatly ýerdir. Bu ýerde size şular garaşýar:
• Öňdebaryjy okuw maksatnamalary we tejribeli mugallymlar düzümi: uniwersitetler bilime bolan häzirki zaman çemeleşmelerine we ýokary hünär derejeli mugallymlaryna buýsanýarlar.
• Döwrebap barlaghanalar we gözleg merkezleri: gözlegler we amaly sapaklar üçin iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan merkezler.
• Amatly bahalar: Belarusda bilim almak Ýewropadakydan we ABŞ-dakydan has arzan düşýär, şol bir wagtyň özünde, bilimiň hili dünýä standartlaryndan pes däldir.
• Amatly ýaşaýyş şertleri: talyplar şäherçeleri abadanlaşdyrylan we amatly durmuş üçin zerur şertler bilen üpjün edilendir.
• Täze mümkinçilikler: bu ýerde bilim almak bilen, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda ýokary zähmet hakly iş tapyp bilersiňiz.
«Ideýa+» agentliginiň hünärmenleri ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamaga kömek ederler, girişiň ähli basgançaklarynda hünär goldawyny bererler, her bir müşderä aýratynlykda çemeleşmäni teklip ederler we gyzyklandyrýan ähli sowallara jogap bererler.
Bilim almak üçin Belarusy saýlap, geljegiňize maýa goýuň.
Maslahata ýazylmak üçin şu salgydaky maglumatnamany dolduryň ýada: (+99371) 518437 Telefon belgisine jaň ediň. Has giňişleýin maglumaty sosial ulgamlardan tapyp bilersiňiz: idea_belarus.
ORIENT news