Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýaşlar forumyna gatnaşdy

25.04.2024 | 09:05 |
 Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň  ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ýaşlar forumyna gatnaşdy. Çäre 16-18-nji aprelde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda utgaşykly görnüşde geçdi.

Şu ýyl çäräniň mowzugy “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini doly durmuşa geçirmegi yzygiderli ilerletmekde СOVID-19-dan soňra täzeden dikeldilmegi gowulandyrmak” boldy.

Has adalatly we durnukly geljegi gurmak işinde ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmek, СOVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek üçin çözgütleri gözlemek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek, şeýle hem ýaşlary çözgütleri kabul etmek işlerine çekmek forumyň esasy maksadydyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň başlygy Begenç Halnepesow hem-de halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maral Allaberdiýewa ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň forumy pikir alyşmak we çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boldy. Foruma gatnaşyjylar beýannama kabul edip, onda СOVID-19-dan soňra gaýtadan dikeldilmegi gowulandyrmak we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek boýunça öz maslahatlaryny beýan etdiler.

BMG-niň EKOSOS ýaşlar forumy tutuş dünýäden ýaş liderleriň arasynda ýaşlaryň rowaçlygyna täsir edýän meseleleri çözmek boýunça dialogyň ählumumy meýdançasy bolup durýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: