Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi

16.04.2024 | 11:23 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi

Duşenbe güni, 15-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan telekeçiler suwuklandyrylan gazy, «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny, «B» kysymly karbamidi we «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 407 147,30 manatlyk we 6 332 000 dollarlyk 7 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: