Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalanyldy
12.04.2024 | 20:38 |11-nji aprelde, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Maltanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy, «Jet A-1» we «ТС-1» kysymly uçar kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýäniň işewürleri türkmen kompaniýasy bilen «galit» (duz daşy) galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy $7 106 502 bolan 4 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news