Iň täze habarlar

Türkiye ýewropaly ýokary girdejili syýahatçylaryň medeni merkezine öwrüldi

07.03.2024 | 11:39 |
 Türkiye ýewropaly ýokary girdejili syýahatçylaryň medeni merkezine öwrüldi

Kaşañ myhmanhanalary, ýokary derejede ýerine ýetirýän hyzmatlary we myhmansöýerligi bilen tanalýan Türkiye - diňe bir maşgala dynç alyşlary üçin meşhur ýer bolman, şol bir wagtyñ özünde durmuşa geçirýän maýa goýumlary we täsirli strategiýalary arkaly barly syýahatçylar üçin möhüm medeni merkezleriň biri bolup durýar. Şunda hususy pudagyň üstünlikli we täzeçil çemeleşmeleri, şeýle hem maksada okgunly hereket edýän Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi depginli ösüşiň girewi bolup çykyş edýär. Syýahatçylyk pudagynda köp ýyllyk tejribä eýe bolan Mehmet Nuri Ersoýuñ ýolbaşçylygyndaky ministrlik, halkara çäreleri, sport ýaryşlary we festiwallary ýaly ýurtda gysga wagtlyk galmagy şertlendirýän önümçiligi özleşdirdi. Bu tagallalar bolsa ýokary girdejili şahsyýetleriñ Türkiýä amala aşyrýan saparlaryna uly itergi berdi.

Ministrlik mundan başga-da, jahankeşdeleriñ oňaýly şertlere eýe bolan myhmanhanalardan gaýry ýerlerde hem göwnejaý wagt geçirmeklerini üpjün etmäge girişdi. Şu maksatdan ugur alyp, syýahatçylaryñ ünsüni özüne çekýän gadymy taryhy merkezleriň sanyny köpeltmegi maksat edinýän ministrlik, medeniýet we syýahatçylyk ugurlaryny birleşdirip, ýurtda geçirilýän arheologiki gazuw-agtaryş işlerini 12 aýa çenli uzaltdy, şeýle hem “Geljege miras” atly taslamasynyñ çäklerinde gazuw-agtaryş ýerleriniň sanyny 172-ä ýetirmegi başardy. Ýadygärlik desgalaryñ we gadymy şäherleriñ adaty sagatlardan daşary hem syýahatçylar üçin açylmagyny gurnaýan “Gijeki muzeologiýa” atly täzeçil konsepsiýalar durmuşa geçirilýär. Şunlukda, Afrodiziýa ýaly açyk howa muzeýlerine gelýänleriň sanynyñ günsaýyn artmagy bilen Türkiýe bu ugurdaky rekordyny täzeledi.

Türkiýäni girdejisi ýokary bolan syýahatçylar tarapyndan iň halanýan ýurtlaryñ birine öwürmegi maksat edinýän Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, syýahatçylygyň Türkiýäniň 81 welaýatynda 12 aýlap dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Ministr arzuw-hyýallaryny şeýleräk beýan edýär: «Ýurduñ syýahatçylygyna ser salamyzda, Ortaýer deňzi we Marmara sebiti Türkiýäniň syýahatçylyk girdejileriniň 80 göterimini, Egeý sebiti takmynan 10 göterimini, Gara deňiz we Anadolynyň beýleki sebitleri bolsa galan 10 göterimini düzýär. Esasy maksatlarymyzyň biri syýahatçylaryň sanyny we girdejisini ýokarlandyrmak bolup durýar. Şeýle hem jahankeşdeleriñ 81 welaýata we beýleki sebitlere baryp görmeklerini üpjün etmekdir. Şunda esasy maksat bolsa, Egeý sebitiniñ mümkinçilikleri, medeni gymmatlyklary, kenar ýakalary we tebigy baýlyklary syýahatçylyk pudagynda mynasyp bolan ornuny eýelemeýär diýip pikir edýäris. Oñyn ornuna eýe bolmagy üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris».

Ýokary girdejili we daşky gurşawyñ aýawly saklanmagy düşünjesine eýe bolan syýahatçylaryň durnuklylyga uly ähmiýet berýändigine anyk göz ýetiren ministr Ersoý, syýahatçylyk desgalarynyň durnuklylygyny tassyklamak boýunça uly ışler alyp barýar. Bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Türkiýede hereket edýän takmynan 21 müň myhmanhananyň 16 müňden gowragy bu ulgamda degişli şahadatnama aldy.

Ýokary girdejili jahankeşdeleriñ Türkiýä gelmegeni üpjün etmek maksady bilen, 200-den gowrak daşary ýurtlarda tanadyş ışlerini geçiren Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi (TGA), ýurduñ diñe bir «deňiz, çäge we gün» dynç alyşlary üçin däl-de, eýsem gastronomiýa, tebigat, deñizde gezelenç, welosiped sürmek, sport, din, gyzykly başdan geçirmeler, mawy gezelenç, arheologiýa, medeniýet, otly saparlary, saglyk syýahatçylygy we festiwallar ýaly 60-dan gowrak dynç alyş ugurlaryny hem hödürleýändigini belläp geçýär. Gastronomiýa pudagynda dünýäniñ iň abraýly guramalaryñ biri MICHELIN ýol görkezijisiniñ sanawyna Stambulyň, Izmiriň we Bodrumyň girizilmegi, olaryñ bu ugurda üstünlikli işleri amala aşyrýandyklarynyñ aýdyň subutnamasy bolup durýar. UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Ankara we Gadymy Gordion şäheri ýaly ýerleriñ köpelmegi bolsa Türkiýäniň bu ugurdaky ösüşleriniñ ýene-de bir subutnamadyr.

2023-nji ýylda 54,3 million dollarlyk girdeji bilen 56,7 million syýahatçy kabul eden Türkiýe, geljek ýyllarda bütin dünýäde 3-nji möhüm syýahatçylyk ýurdy bolmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary girdejili jahankeşdeleriñ iň halaýan ýurtlarynyň biri bolmagyny hem ugur edinýär.

ORIENT news

Foto: Türkiýeniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: