Iň täze habarlar

Energetika Türkmenistanyň we Pakistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň binýadydyr

29.02.2024 | 21:25 |
 Energetika Türkmenistanyň we Pakistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň binýadydyr

Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň durmuşa geçirilmegi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň binýadyny emele getirýär. Bu barada 29-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Irfan Ahmet bilen bolan duşuşygynda bellenildi.

Ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin ilçä hoşallyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygynda täze ösüşleriň we üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.

Gepleşikleriň çäginde taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ilçi Irfan Ahmet Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 2021-nji ýylyň fewralynda girişdi. Ilçi Türkmenistanda alyp baran diplomatik işiniň dowamynda hemmetaraplaýyn hemaýaty we goldawy üçin Daşary işler ministrligine hoşallygyny bildirdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine Ahsan Wagany bellemek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: